Türkmenistan bir Hytaý ýörelgesine eýerýär diýlip, Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gol çekilen Bilelikdäki beýannamada aýdylýar.
Hytaý tarapynyň Türkmenistanyň özbaşdak saýlap alan ösüş ýoluny hem-de onuň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda amala aşyrýan içeri we daşary syýasatyny berk goldaýandygy resminamada bellenilýär.
Türkmen tarapy Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň bütin Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny hökümeti, Taýwanyň Hytaýyň çäkleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny ýene-de tassyklaýar diýlip, resminamada aýratyn nygtalýar.
«Türkmen tarapy bir Hytaý ýörelgesine eýerýär, «Taýwanyň garaşsyzlygynyň» islendik görnüşlerine garşy çykyş edýär, Taýwan aýlagynyň iki kenarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçylykly ösüşini we ýurdy birleşdirmek boýunça hytaý hökümetiniň ähli tagallalaryny goldaýar» diýlip, resminamada beýan edilýär.
Şeýle hem resminamada taraplaryň islendik güýç arkaly içerki işlere gatyşylmagyna ýol bermezlik boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etjekdikleri aýdylýar.