Hytaýyň ulag üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmakda we häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýardygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gol çekilen Bilelikdäki Beýannamada aýdylýar.
Resminamada taraplar üpjünçilik ulgamlarynyň özara baglanyşygynyň Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň arasynda hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda täze ösüş nokady bolup durýandygyny belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara awtomobil ulagy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ylalaşmagyň çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler, iki ýurduň arasynda ýollary birleşdirmekde we serhetüsti ulaglar ulgamynda hyzmatdaşlyga ýardam bermegiň zerurdygyny nygtadylar, Hytaý – Gyrgyzystan – Türkmenistan – Eýran demir ýol konteýner otlularynyň gatnawlarynyň hem-de Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan multimodal halkara gatnatmalarynyň sanyny we möçberlerini artdyrmagy, SARES, OSŽD-niň hem-de beýleki köptaraply usullaryň çäklerinde gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy dowam ederler.
«Hytaý tarapy ulag üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmakda we häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýardygyny beýan edýär» diýlip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gol çekilen Bilelikdäki Beýannamada aýdylýar.