Ï Halkara zenanlar güni mynasybetli bäsleşik geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara zenanlar güni mynasybetli bäsleşik geçirilýär

view-icon 4286
Halkara zenanlar güni mynasybetli bäsleşik geçirilýär

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi hem-de «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy «Bahar gelse begres geýer ene Ýer, Zeminiň görküdir eziz eneler!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşik Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýär.

Bäsleşige iberilýän eserlerde täze taryhy döwürde ýurdumyzda zenanlar hakda edilýän aladalar, jemgyýetimizde olaryň orny, watansöýüji nesilleri terbiýelemekleri, döredijilikli we netijeli zähmet çekmekleri babatynda döredilýän şertlerdir mümkinçilikler, maşgala mukaddesligi, ýaş gelin-gyzlaryň el hünärine yhlasy we ajaýyp dünýäsi, bir-birege sylagy hem açylyp görkezilmelidir. Eserler şahyrana, çeper beýan edilmelidir.

Şeýle hem eserlerde ata-babalarymyzdan miras galan aýratynlyklar görkezilmelidir, türkmen halkynyň maşgala gymmatlyklary ýüze çykarylmalydyr.

Döredijilik bäsleşiginiň emin agzalary 3-nji martda bäsleşigiň jemini jemläp, makalalar, oçerkler, goşgular, hekaýalar, suratlar we beýleki çeper eserler boýunça ýeňijileri aýratynlykda kesgitlär.

«Ahal durmuşy» ahaldurmushy-gazeti@online.tm.