Ï Ertekileriň gahrymanlary Täze ýylyň çykyşlarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ertekileriň gahrymanlary Täze ýylyň çykyşlarynda

view-icon 5185
Ertekileriň gahrymanlary Täze ýylyň çykyşlarynda
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Täze ýyl baýramçylygy – Türkmen döwlet gurjak teatrynda iň gyzgalaňly döwür: bu ýerde her gün kiçi we uly ýaşly çagalar üçin çykyşlar guralýar.

Bu ýyl teatryň döredijilik topary Täze ýyl çykyşynyň ýordumyna täzelik girizdi. Çagalar tegelenişip, ýerine ýetitilýän adaty tansyň ýerine «Doň ýürek», «Aladdin», «Zoluşka» we «Gar şa zenany» filmleriniň gahrymanlary bilen oýnadylar. Gar adam Olif, şa gyzy Žasmin, jadygöý Jafar, Abu atly maýmynjyk, Peri we onuň keşbini ýerine ýetiren hem-de çykyşy alyp baran Gar şa zenany çagalar bilen bilelikde towşanjygyň şekilini döretdiler. Bilşimiz ýaly, towşan 2023-nji ýylyň nyşanydyr. Ýumuş şundan ybarat: towşanjygyň şekili birnäçe bölekden ybarat bolup, onuň her bölegi ertekiniň bir gahrymanyndady.

Bu oýundaky interaktiwlik çygyrdan çykýardy. Oglanjyklar we gyzjagazlar towşan şekiliniň bölekleri ugrunda «gaýduwsyz göreşdiler». Ol doly suratda düzülende bolsa, Peri jadyly taýajygy bilen Towşanjygy janlandyrdy. Diňe şondan soň Täze ýylyň habarçylary Aýazbaba we Garpamyk çagalaryň ýanyna geldi.

Elbetde, tegelenişip, tans hem edildi. Aýazbaba çagalardan el tutuşmagy haýyş etdi we olary teatryň iç işigine alyp bardy, ol ýerde bolsa teatryň iň owadan bezelen arça agajy bardy. Çagalar Aýazbabadyr Garpamyk bilen bilelikde Täze ýyl aýdymyny aýtdylar, ondan soň Aýaz baba tans edýänleriň ählisini Kiçi zala çagyrdy. Ol ýerde çagalara eýýäm Mihail Sadowskiniň «Maşa we aýy» ertekisiniň gahrymanlary garaşýardy.

Ugurtapyjy gyzjagaz Maşany ýaş tomaşaçylar gaty gowy gördüler. Bize bolsa çagalar üçin şeýle ajaýyp Täze ýyl baýramçylygyny režissýor Maksat Altaýewiň we Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Mämmetýazowanyň, şeýle hem Türkmen döwlet gurjak teatrynyň aktýorlarynyň gurandygyny aýdaýmak galýar.