Ï «Türkmen atlary» döwlet birleşigine «Röwşen» hususy kärhanasy bilen goşmaça ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmen atlary» döwlet birleşigine «Röwşen» hususy kärhanasy bilen goşmaça ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berildi

view-icon 4859

Ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda guralýan atly sport bäsleşiklerini we at çapyşyklaryny talabalaýyk geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine “Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda çykaran 195-nji Kararyna laýyklykda, Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek we oňa döwrebap örtügi düşemek hem-de toplumda abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada “Röwşen” hususy kärhanasy bilen goşmaça ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berildi.