Ï «Demirýollary» APGJ petek satýan goşmaça mobil goşundysyny täzeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Demirýollary» APGJ petek satýan goşmaça mobil goşundysyny täzeledi

view-icon 8342
«Demirýollary» APGJ petek satýan goşmaça mobil goşundysyny täzeledi

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri satýan mobil goşundysynyň täzelenendigini resmi saýtynda habar berdi.

«Türkmenistan Railways» mobil goşundysy öýden çykman, internet arkaly otlynyň ugraýan wagtyndan 15 gün öň petek satyn almaga mümkinçilik berýär.

Goşmaçalar girizilen we üsti ýetirilen täze mobil goşundysyny «Play Market» mobil goşundylar platformasyndan, şeýle hem railway.gov.tm web-saýtynyň üsti bilen ykjam telefonlara ýükläp alyp bolýar.

Ýakyn wagtda mobil goşundysynyň iOS ulgamly maglumat enjamlary üçin niýetlenen täze görnüşiniň hem işe giriziljekdigi habarda aýdylýar.