Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Pekinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar toplumynda maglumat pudagynda özara hyzmatdaşlyk barada birbada üç resminama: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Sinhua» habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak we hyzmatdaşlyk barasyndaky Ylalaşyk, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Ženmin Žibao» gazetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Media korporasiýasynyň arasynda habar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.
HHR ýaly kuwwatly ýurduň metbugat çeşmeleri bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň öňünde millionlarça daşary ýurtly auditoriýada öz daşary we içerki syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda bolup geçýän uly özgerişler, halkymyzyň baý taryhy we medeniýeti, şeýle hem döredijilikli halkara başlangyçlary barada ygtybarly maglumatlary ýaýratmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa saparynyň öňüsyrasynda «Ženmin žibao» gazetinde çap edilen makalada belleýşi ýaly, şunuň ýaly abraýly we hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmegiň, elbetde, möhüm ähmiýeti bar we iki ýurduň arasynda has doly özara düşünişmäge, dostlukly, doganlykly we hoşniýetli goňşuçylykly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşant goşar.
HHR-iň ösen maglumat ýaýlymlary ulgamy arkaly dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň metbugat önümleri bilen tanyşlygy şunuň ýaly oňyn ýerlik we dünýä metbugat giňişliginde döredijilikli we ynsanperwerlikli akymy güýçlendirer. Bu ýüze çykýan halkara meseleleri çözmek üçin, gepleşiklere, umumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine konstruktiw hem özara peýdaly hyzmatdaşlyga çagyrýan bitarap we parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň sesini dünýädäki millionlarça adama ýetirer.
Hytaý Halk Respublikasy bilen maglumat hyzmatdaşlygy baradaky gol çekilen resminamalar Türkmenistan üçin içerki we daşary ýurt habar beriş serişdeleri arkaly parahatçylyk, ýurtlar arasynda ynanyşmak we hyzmatdaşlyk pelsepesini ösdürmek üçin möhüm üstünlik boldy. Bu strategiýany durmuşa geçirmek üçin, soňky wagtlar Türkmenistany halkara maglumat giňişligine goşmak maksady bilen, birnäçe ädim ädildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistan bilen maglumat pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we şeýle gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda ýöriteleşdirilen hukuk binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Daşary işler ministrliginiň ýanynda içerki habar beriş serişdeleriniň wekillerinden metbugat toparyny döretmek, Türkmenistanda ynanç bildirilen diplomatik wekilhanalaryň metbugat attaşeleri bilen gatnaşygy güýçlendirmek, öňdebaryjy sebit we halkara teleýaýlymlar bilen öndürijilikli aragatnaşyk gurmak barada teklipler aýdyldy.
2-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinnniň çäginde Halkara maglumat merkezini döretmek baradaky karar ýurdumyzyň halkara metbugat pudagynda işjeňleşmegine gönükdirilen ýene bir ädim boldy. Onuň esasy wezipeleri aşakdaky ýaly kesgitlenýär: dürli gepleşikleri, Türkmenistanda bolup geçýän möhüm wakalara bagyşlanan gysga filmleri we wideoşekilleri taýýarlap, daşary ýurt habar beriş serişdeleri arkaly ýaýlyma bermek, ýörite neşirleri çap etmek we ş.m.
Öňdebaryjy halkara maglumat çeşmeleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk şeýle meseleleri netijeli çözmäge we häzirki zaman metbugat tehnologiýalaryny ulanmak bilen, dünýä jemgyýetçiligine täze taryhy döwürde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, parahatçylyga, durnuklylyga we abadançylyga, global meseleleri çözmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde işjeň hem konstruktiw orny barada yzygiderli habar bermäge mümkinçilik döreder.