Ï Gaz hyzmatdaşlygy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin strategik hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugrudyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gaz hyzmatdaşlygy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin strategik hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugrudyr

view-icon 5889
Gaz hyzmatdaşlygy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin strategik hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugrudyr

Türkmenistan bilen Hytaý strategik milli bähbitleriň biri-biriniň üstüni ýetirmeklige esaslanýan gaz pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň nusgasyny görkezýärler. Bu hyzmatdaşlyk hytaý ykdysadyýetiniň energiýa göterijilerine barha artýan zerurlyklary we Türkmenistanyň energiýa gorunyň mümkinçilikleridir. Bular barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pekinde geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasynda ýangyç we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiligine esaslanyp aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan Hytaýa turba arkaly tebigy gaz iberýän ýurtlaryň arasynda birinji orunda durýar. Dostlukly ýurduň onlarça künjeklerine barýan bu gaz ýüz millionlarça adama ýylylyk we ýagtylyk bilen üpjün edýär. 2009-njy ýylyň ahyryndan, ýagny Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi işe girizilenden bäri, ýurdumyz Hytaýa 350 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberdi. Mundan başga-da, Pekinde geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça iki döwletleriň Baştutanlarynyň gol çeken Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki beýannamasynda bellenip geçilişi ýaly, bu ugurda hemmetaraplaýyn – önümçilik, turba arkaly daşama, söwda, maliýeleşdirme we tehniki goldaw hyzmatdaşlygy döredilýär.

Taraplar özara düşünişmek, açaçanlyk we özara bähbitli ýörelgelerine eýerip, bar bolan şertnamalary geljekde-de doly ýerine ýetirjekdiklerini, gaz hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleriň gidişini dowam etdirjekdiklerini, «Galkynyş» gaz ýatagynyň senagat taýdan işlenmeginiň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegini, «Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisiniň D liniýasynyň we beýleki bilelikdäki iri taslamalaryň gurluşygyny çaltlaşdyrjakdyklaryny, şeýle hem gaz senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirjekdiklerini tassykladylar.

Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar: «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň nebitgaz korporasiýasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama we Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaýyň nebitgaz korporasiýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama ýardam eder.

Pekinde geçirilen ýokary derejeli türkmen-hytaý gepleşiklerini beýan eden dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň tutuş Aziýa oňyn täsir edendigi we şeýle taslamalaryň energiýany ösdürmek boýunça global meseleleriň çözülmegine goşant goşýandygy baradaky sözlerini aýratyn nygtadylar. Hytaý Baştutanynyň ýurtlarymyzyň energiýa hyzmatdaşlygy taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmalydygy baradaky sözlerine-de aýratyn üns berilýär.