Ï Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl Nebitgaz toplumy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl Nebitgaz toplumy

view-icon 4431

Türkmenistanyň nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän syýasat ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hem-de onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistan iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýýar. Ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen energetika hyzmatdaşlygynyň çägini giňeldýär, ägirt uly tebigy serişdelere, uglewodorodlaryň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, olary bütin adamzadyň bähbidine ulanmaga çalyşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biz nebitgaz senagatyny ösdürmek hem-de tebigy gazy daşarky bazarlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barýarys. Döwlet energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod kuwwaty türkmenistanlylaryň we dünýäniň beýleki halklarynyň bähbitlerine ulanylýar. Bu ugurda görülýän çäreler oňyn netijelerini berýär.

Geosyýasy we ykdysady ýagdaýynyň amatly bolmagy, energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyz deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Energetika ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti hökmünde bu hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan syýasat uzak möhletleýinlik, açyklyk, milli bähbitleri nazara almak we özara jogapkärçilik ýörelgeleri esasynda guralýar.

Ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Munuň özi pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap toplumlary gurmak, täze nebitgaz ýataklaryny, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini we “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan çalt depginlerde özleşdirmek, bu işde ulanylýan sanly tehnologiýalaryň gerimini giňeltmek bilen baglanyşyklydyr. Hytaýa we Eýrana gaz geçirijiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly ägirt iri taslamalara döwletimiziň halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşandy hökmünde garamak bolar.

TOPH taslamasy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky netijeli ädimdir. Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ulgamyny döretmek şol strategiýanyň esasy ugurlary bolup durýar. Dünýäniň ösen ýurtlary we abraýly halkara maliýe institutlary tarapyndan goldanylýan bu energetika ulgamy diňe bir Günorta Aziýa ýurtlaryny türkmen gazy bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şertine öwrüler, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berer. Munuň özi, aýratyn-da, Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmegi, onuň durmuş-ykdysady düzüminiň pugtalandyrylmagy, täze müňlerçe iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm meseleleriň çözülmegi üçin örän wajypdyr. Bu bolsa, öz nobatynda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga goşant goşar.

Häzirki wagtda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň çig mal binýady pugtalandyrylýar we ösdürilýär. Munuň özi anyk netijä gönükdirilen uzak möhletli, netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň öňünde möhüm wezipeleri goýdy. Şunda täze nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, gözleg-agtaryş işlerini geçirmäge, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmaga, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna ibermegiň dürli ugurlaryny döretmäge, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmaga, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak boýunça işleri, şol sanda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny we maýalaryny çekmegiň hasabyna işleri işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.

“Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde “Joramergen”, “Gökmiýar” we “Daşrabat” ýaly täze ýataklaryň tapgyrlaýyn işe girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Amyderýanyň sag kenarynda geçirilen gözleg, özleşdiriş işleri, seýsmiki barlaglar, gözleg we ulanyş guýularynyň burawlanmagy bu ýerde iri gaz ýataklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Şol işler Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň şertlerinde amala aşyrylýar. Energiýa serişdelerine artýan içerki islegleri kanagatlandyrmak ýangyç-energetika toplumynyň möhüm wezipesidir. Munuň özi milli halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika pudaklarynyň, gurluşyk senagatynyň we beýleki ulgamlaryň ýokary depginlerde ösdürilmegi bilen şertlendirilendir.

Gaz senagatynda täze taslamalary durmuşa geçirmek döwletimiziň syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýän wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýän önümleriň möçberini artdyrmaga we görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen ägirt uly döwrebap kärhanalaryň kuwwaty artdyrylýar. Şolaryň hatarynda polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürýän, “Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary tarapyndan “TOYO Engineering Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawody bar.

Şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawody görkezmek bolar. Bu kärhana “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” (Ýaponiýa) we “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy. Gyýanlydaky zawodda Türkmenistan üçin täze önüm bolan ýokary dykyzlykdaky polietileniň önümçiliginiň ýola goýlandygyny bellemek gerek. Pes basyşda etileniň polimerizasiýasynyň reaksiýasy esasynda alynýan bu önüm örän berkligi, kislotalar, aşgarlar, ýaglar babatda himiki taýdan durnuklylygy bilen tapawutlanýar.

Türkmen polietileni dünýä we içerki bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Ol tehniki we durmuş maksatly önümleri, plýonkalary, paketleri, kommunikasion turbalary, elektrik kabellerini saraýjylary öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýar. Ondan durmuş himiýasy üçin gaplar, oýnawaçlar, gap-gaçlar we beýlekiler taýýarlanylýar.

Nebitiň we gazyň çykarylyşynyň artdyrylmagy, pudagyň çig mal binýadynyň pugtalandyrylmagy, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamlarynyň döredilmegi bilen birlikde, energetika pudagynyň kärhanalarynyň tehniki we tehnologik taýdan kämilleşdirilmegine, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýär. Bu babatda Ahal welaýatyndaky zawodyň işi bellärliklidir. Agzalan kärhana dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň hem-de ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň degişli güwänamalaryna mynasyp boldy.

Bu ýerde Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan tehnologiýa boýunça “mawy ýangyç” iň az energiýa çykdajylary hem-de daşky gurşawa zyýan ýetirmezden gaýtadan işlenilýär we iň ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän EURO-5 ölçegindäki ECO-93 kysymly benzin, şeýle-de suwuklandyrylan tebigy gaz öndürilýär. ECO-93 kysymly ýangyjyň ulanylmagy awtoulaglaryň zyňyndy gazlarynda kükürt oksidini 50 esse, azot oksidini 5 esse, kömürturşy gazyny 2 esse hem-de uglewodorodlary 20 göterim peseldýär. Munuň özi daşky gurşawa zyýanly gazlaryň zyňyndysyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Bulardan başga-da, awtoulaglaryň hereketlendirijilerinde emele gelýän gurumyň mukdary azalýar. Bu bolsa olaryň tehniki hyzmat ediş möhletini 2 esse uzaldýar.

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň täzelenilmegi netijesinde ýurdumyzda öndürilýän senagat harytlarynyň 25 göterimi bu toplumyň paýyna düşýär. TNGIZT-niň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Ýokary oktanly awtoulag benzinleri, uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosin, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, tehniki çalgy ýaglar we polipropilen, elektrodly taplanan koks, ýol we gurluşyk bitumy, galyňlygy 20, 25 we 30 mikrometr bolan gaplama plýonkasy, konditer önümçiliginde ulanylýan polipropilen plýonkasy toplumda öndürilýän esasy önümlerdir.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda pes dykyzlykly polietilen, izobutan, metanol, poliwinilasetat, suwuk hlor, natriý sulfatyny öndürmek boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynda “geljegiň ýangyjy” strategiýasy hökmünde işlenip taýýarlanylýan wodorodyň önümçiliginiň ýola goýulmagyna aýratyn üns berler. Bularyň hemmesi ykdysadyýeti pugtalandyrmaga, eksportda ýokary goşulan bahaly önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy boýunça enjamlaryň gurluşygy tamamlanyp barýar. Toplumyň buýurmasy boýunça BAE-niň “WTL FZE” we ABŞ-nyň “Westport Trading Europe Limited” kompaniýalarynyň bilelikde amala aşyrýan taslamasynyň esasy wezipesi gudronyň we mazudyň agyr galyndylaryny gaýtadan işlemekden ybaratdyr. Enjamlaryň işe girizilmegi nebitiň gaýtadan işlenilmeginiň derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň we nebit koksunyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga, şeýle hem goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Soňra Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň mümkinçilikleri içgin öwreniler, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary, häzirki wagtda dünýä bazaryndaky islegleri nazara almak bilen, öndürilýän nebit önümleriniň görnüşleri kesgitlener. Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda nebiti gaýtadan işlemegiň görkezijisini 90 göterimden hem artdyrmaga mümkinçilik berýän täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Dizel fraksiýalaryny we benzinleri gidroarassalaýjy, wodorod öndürýän blokly katalitik kreking we kokslamak enjamlarynyň toplumy, nebiti gaýtadan işlemekden galan agyr galyndylary katalitik kreking usuly boýunça işleýän enjam, ýokary hilli binýatlaýyn tehniki ýaglary öndürýän enjam şol desgalaryň hataryndadyr.

Türkmenistan tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemegi ugur edinip, dünýäniň energetika bazarynda energiýa serişdelerini iri eksport ediji hökmündäki ornuny pugtalandyrdy. Täze tehnologiýalary we usullary peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzda nebitdir gazy çykarmagyň depgini üpjün edilýär. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygyna çekmek arkaly soňky ýyllarda daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtly hünärmenler, Ýewropanyň, Aziýanyň we ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikdäki netijeli işewürlik gatnaşyklaryny saklamaklary tejribe alyşmak, göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary amala aşyrmak, pudagy ösdürmegiň dünýä meýilleri we mümkinçilikleri bilen tanyşmak arkaly bellenen maksatlara ýetmäge mümkinçilik berýär.

Her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergiler, duşuşyklar we maslahatlar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazananlaryny giňden wagyz etmäge hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 2022-nji ýylyň mart aýynda geçirilen halkara forum, şeýle hem «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NaPeCo), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde oktýabr aýynda guralan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahat we sergi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Energetika pudagynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen iri forumlar diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda Aşgabatdan sanly ulgam arkaly görkezildi. Çärelere Hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, diplomatik gulluklaryň we abraýly halkara guramalaryň, nebitgaz ulgamynyň işewür düzümleriniň wekilleri, maliýe institutlarynyň hünärmenleri, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň esasy bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar. Forumlaryň gün tertibine energiýa serişdeleriniň önümçiligini, iberilmegini we ahyrky sarp edilmegini gurşap alýan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ýola goýmak, energetika diplomatiýasyny, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek, uglewodorodlary çykarmakda täze tehnologiýalar we nou-haular, metanyň, ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak ýaly wajyp meseleler girizildi.

Olarda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, şol sanda Hazar sebitiniň türkmen bölegini özleşdirmek üçin maýa goýumlary çekmek bilen, täze ýataklarda nebiti we gazy çykarmak, nebiti gaýtadan işleýän senagat üçin enjamlary öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň, maýa goýum guramalarynyň wekilleri bilen ýurdumyzyň hünärmenleriniň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda häzirki ösen tehnologiýalaryň döwründe nebit çig malynyň we nebit önümleriniň sarp edilişiniň artýandygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklary döretmek boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini daşarky bazarlara çykarmak, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek arkaly ählumumy ösüşi we parahatçylygy gazanmak ugrunda taýsyz tagalla edýändigi bellenildi. Gaz geçirijileri, üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitimizde durnukly ösüşi we parahatçylygy berkitmäge has-da kuwwatly itergi berer. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi muňa aýdyň mysaldyr.

Gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni tapgyrlaýyn özleşdirilýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Uglewodorod serişdelerini çykarmakda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmäge hem uly ähmiýet berilýär.

Şeýle hem forumda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologik ugurlaryna, pes uglerodly energetika meselesine aýratyn üns berildi. Daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, “ýaşyl” energetika tehnologiýalaryna geçmek üçin energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ilkinji nobatda, ýel we Gün energetikasy işjeň ösdüriler. Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde häzirki wagtda geljegiň ýangyjy hasaplanýan wodoroda uly ähmiýet berilýär. Wodorod senagat önümçiliginde ulanylanda, parnik gazlaryny emele getirmeýär, çünki wodorodyň ýylylyk döretmek ukyby ýangyjyň beýleki görnüşlerinden üç esse ýokarydyr. Şeýle-de ony energiýany toplaýjy hökmünde ulanmak bolýar. Gaz zyňyndylarynyň bolmazlygy, howpsuzlygy, tygşytlylygy, bäsdeşlige ukyplylygy bu häzirki zaman energiýa serişdesiniň artykmaçlyklarydyr. Häzirki günde energetika tehnologiýalarynyň düzümlerine innowasiýalaryň girizilmegi netijesinde, wodorod täze bazarlary “özleşdirmäge” girişýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň dowamynda geçiren iş maslahatlarynda we Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň esasy wezipelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyzyň pudagyň kärhanalary üçin degişli enjamlary satyn almak baradaky gol çeken Kararlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugurda amala aşyrylýan çäreler seýsmiki barlag we gözleg işleriniň netijeliligini, önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, täze ýataklary ýüze çykarmaga we senagat taýdan özleşdirmäge, umuman, bu ulgamyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Şeýlelikde, 2022-nji ýylyň netijeleri Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny çalt depginlerde döwrebaplaşdyrmagy, täze önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümlerini giňeltmegi ugur edinýändigini görkezýär. Tebigy gazy gaýtadan işlemek we önümleriň täze görnüşlerini öndürmek ýurdumyz üçin bu babatda ileri tutulýan ugurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan innowasion syýasatyna laýyklykda, pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, dünýä we sebit derejesinde durnukly ykdysady ösüşiň maksatlary bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam eder.