Ï Çagalar üçin žurnallar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalar üçin žurnallar

view-icon 5420
Çagalar üçin žurnallar

Milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi çagalar üçin žurnallary çykaryp başlady.

Bu žurnallaryň aýratynlyklary:

  • Milli multfilm gahrymanlary esasynda taýýarlanmagy;
  • QR kod arkaly degişli multfilmini, audio ýa-da wideo materialyny görmek mümkinçiligi;
  • Çagalar üçin android oýunlarynyň bolmagy;
  • Çagalaryň zehini ýeteltmäge gönükdirilen meseleler, ýagny logika, sudoku, piramida, krosslogika degişli soraglaryň bolmagy;
  • Tematiki aýratynlygy boýunça reňkleme kitaplar;
  • Mahabat sahypasynyň bolmagy.

Häzirki wagtda žurnallar «Sagdyn nesil», «Tebigaty goralyň», «Zehin soraglary», «Başarjaň», «Elwan depderim», «Gadyrdan dostlarym» ady bilen çykýar. Bu žurnallary ýurdumyzyň söwda dükanlaryndan we şu salgydan satyn alyp bolar.