Ï Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlap

view-icon 66678
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlap
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmen suratkeşleri öz işlerini paýtagtymyzyň Sergi merkezinde açylan dabaraly sergä hödürlemek bilen, 2023-nji ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar diýlip atlandyrylmagyna döredijilikli çemeleşdiler.

Sergi, Merkeziň tutuş birinji gatyny eýeledi, suratlar türkmen halkynyň durmuşy we baýramlary, ýurdumyzyň iň gözel künjekleri, taryhy wakalar, şeýle hem häzirki zaman üstünlikleri barada gürrüň berýär.

Serginiň merkezinde «Pellehananyň öňünde» atly iň ähmiýetli surat ýerleşýär. Suraty çeken Babageldi Owganow işinde halk baýramlarynda obalarda guralýan at çapyşygyny hödürläpdir.

XVI asyr şekillendiriş sungatynyň flamand ussatlarynyň uslybynda ýerine ýetirilen iki sany gyzykly natýurmort tomaşaçylaryň aýratyn ünsüni özüne çekýär. Suratlaryň birinjisi – Adylşa Annamuhammedowyň «Üzümli natýurmorty». Ikinji suratda Suraý Öwezowa yzygiderli birnäçe düýp sogany şekillendiripdir.

Gurban Meredow abstraksionizm uslybynda çekilen «Welostart» suratyny sergä hödürläpdir. Bu işinde suratkeş ýokardan görnüşi ulanypdyr, şonuň üçin-de tigir sürýänleriň göwreleri we welosipedleriň tigirleriniň üsti bilen ýaryş ýolunyň goňur örtügi görünýär, bu bolsa suraty has täsirli edýär we şol bir wagtyň özünde bäsleşige gatnaşanlaryň hyjuwlarynyň güýjüni görkezýär.

Toýly Çapanowyň «Sahy toprak» atly ajaýyp suraty bir guty üzüm alyp barýan bagtly ýaşulynyň keşbini berýär.

«Ýaşulylaryň söhbedi» suratynda Ýakup Halmyradow gürleşip oturan iki ýürekdeş dosty şekillendiripdir.

Polat Garryýewiň «Intizarda» atly işinde tomaşaçylaryň gözüniň öňünde psihologik drama peýda bolýar. Onda öýüniň bosagasynda garaşyp oturan garryja ene şekillendirilipdir.

Hoja Çaryýew bir gije dagda bolup, «Irki çaýlaşyk» we «Arzuw» suratlarynda dag romantikasyny beýan edipdir.

Agzalyp geçilen işler Sergi merkezinde görkezilen ajaýyp suratlaryň diňe ujypsyzja bir bölegi, şonuň üçin-de sergini doly görmek, gahrymanlaryň ykbaly hakda pikirlenmek we türkmen suratkeşleriniň suratlaryna has ýakynlaşmak gerek – olar muňa mynasypdyr.