mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Meşhur «The Beatles» toparyna bagyşlanan konsert

view-icon 2182
Meşhur «The Beatles» toparyna bagyşlanan konsert
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

16-njy ýanwarda Bütindünýä meşhur «The Beatles» toparynyň gününi belleýär. Tutuş dünýäde şol güne gabatlanyp özboluşly Liwerpul dörtlüginiň repertuaryndan aýdymlar ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen wokalçylary Eldar Muzafarowyň, Döwran we Mähri Şammyýewleriň, Asýa Kostanýanyň hem-de Maşa Unsalyň gatnaşmagynda «All you need is Beatles» atly konsert boldy.

Aýdymçylara Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow (fortepiano), Igor Şewsow (bas-gitara), Stanislaw Terýohin (gitara), Aram Bazikýan (kakylyp çalynýan saz gurallary) sazandarlyk etdiler.

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgüniň zalyny «The Beatles» toparynyň döredijilik mirasyndan lezzet almaga gelen höwesjeňler doldurdy. Topara bagyşlanan konsert «All you need is Beatles» aýdymy bilen açyldy. Ony wokalçylaryň ählisi birlikde aýtdylar.

Toparyň meşhur «Yesterday» aýdymyny Döwran Şammyýew ýerine ýetirdi.

Konsert diňleýjilere lezzet paýlady.