Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 4395
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlaryndaky oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, 2023-nji ýylyň pagta hasyly üçin pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Ýazky ekiş möwsümi üçin oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylýar, ýeralmany we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işine taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatda meýilleşdirilen işler talabalaýyk alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň bol hasylyň kepili bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu işleriň talabalaýyk guralmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi hem-de elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça zerur çäreleriň geçirilmelidigini häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekin meýdanlaryndaky oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaýa edilýän ideg işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek işleri agrotehniki möhletlerde geçirilýär, öňümizdäki ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar.

Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär, welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin zerur işler geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk guralmagynyň möhümdigini belledi hem-de bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň, ýaz ekişe guramaçylykly taýýarlyk görülmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini häkime tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilýär, öňümizdäki ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek ugrunda degişli çäreler görülýär.

Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekilişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de dowam edýän oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň, pagta öndürijileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmeginiň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ähli zerur işleriň ýerine ýetirilmelidigini belläp, häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilýär, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek ugrunda zerur çäreler görülýär.

Öňümizdäki ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülýär. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň we binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalar abatlanylýar, pagtaçy kärendeçiler üçin gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem bugdaý meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň möhümdigini belledi hem-de ýaz ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary taýýarlamak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady we häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär, pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, şu günler ministrligiň garamagyndaky pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, olary möwsüme doly taýýar edip goýmak, şu ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary abatlamak boýunça ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi we bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine hem-de welaýatlaryň häkimlerine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini talabalaýyk guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.