mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Çaýkowskiniň we Prokofýewiň ertekilere ýazan sazlarynyň konserti boldy

view-icon 2253
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Çaýkowskiniň we Prokofýewiň ertekilere ýazan sazlarynyň konserti boldy
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Sergeý Prokofýewiň «Petýa we Möjek» simfoniki ertekisiniň we Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň «Çagalyk albomy» pýesalar tapgyrynyň konserti boldy.

Konsertde Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň özi bolup A. S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň aktýory Rişat Kanibekow sahna çykýar we Wolodýa atly oglanjygyň adyndan çagalara hakyky wakalara esaslanýan terbiýeçisiniň aýdyp berýän ertekilerini gürrüň berýär. Şol wagt hem saz ýaňlanýar. Bu saz Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň «Çagalyk albomy» – çagalyk durmuşyndan çagalaryň özüniň hem ýerine ýetirmegi üçin ýeňil we ýönekeýje pýesalar tapgyrydyr.

Kompozitor Sergeý Prokofýewiň möjekden gorkmadyk batyrgaý oglanjyk Petýa baradaky ertekisini aktýor Wasiliý Andronow çagalara labyzly okap berdi. Ol diňe bir gyzykly bolman, eýsem öwüt beriji häsiýete-de eýedir. Gyzykly ýordumyndan başga-da, ol çagalary saz gurallary bilen tanyşdyrdy. Bu üýtgeşik wakanyň gahrymanlary belli bir saz guraly, meselem, guşjagaz – fleýta, ördek – goboý, pişik – klarnet we ş.m. bilen beýan edildi.

Çagalar sazly ertekileriň ikisini hem höwes bilen diňlediler we çykyş eden artistleri, şeýle-de sazandalary şowhunly el çarpmalar bilen alkyşladylar.

Baş dirižýor Resul Gylyjow sahnadan ýaş diňleýjilere ýüzlenip:

– Çagalar! Konsertimizden nusga alyň, hyýalyňyzy ösdüriň, täze ertekileri dörediň! Belki, olaram sahnada beýan ediler – diýdi.