mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen hokkeýçileri Kazanda geçirilýän Yslam ýurtlarynyň toparlarynyň arasyndaky halkara ýaryşa gatnaşýarlar

view-icon 1774
Türkmen hokkeýçileri Kazanda geçirilýän Yslam ýurtlarynyň toparlarynyň arasyndaky halkara ýaryşa gatnaşýarlar

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hokkeýçileri şu gün Kazanda başlanýan Yslam ýurtlarynyň we Tatarystan Respublikasynyň toparlarynyň arasynda ilkinji halkara ýaryşa gatnaşarlar. Toparymyzy onuň guramaçylary düýn Kazanyň howa menzilinde tatar halk sazy bilen garşyladylar.

Çäre «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» halkara sammitiniň çözgütleriniň netijesi boýunça guraldy.

Ýaryşa höwesjeň erkekler toparlarynyň 12-si we zenanlar toparlarynyň 5-si gatnaşarlar.

Zenanlar ýaryşyna Tatarystanyň, Eýranyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystanynyň we Bahreýniň, erkekleriň arasyndaky ýaryşa – BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Eýranyň, Bahreýniň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hokkeýçileri gatnaşarlar, Alžirden, Marokkodan we Liwandan oýunçylar birleşen ýygyndynyň düzüminde çykyş ederler. «Ak Bars» ulgamynyň ýygyndysy we TR-niň Musulmanlar dini müdirliginiň hokkeý topary Tatarystana wekilçilik ederler.

Türkmen hokkeýçileri tatarystanly, gyrgyzystanly we gazagystanly bäsdeşleri bilen bir toparda oýnarlar.

Ýaryş tamamlanandan soň «Tatneft Arenasynyň» buzly meýdançasynda gala-oýun bolar, oňa her topardan iň güýçli oýunçylar gatnaşarlar.

Indi bäş ýyl bäri baş tälimçi Baýram Allaýarowyň ýolbaşçylyk edýän toparynyň hatarynda ýurdumyzyň esasy klublaryndan 20 hokkeýçi bar. Tatarystanyň paýtagtynda geçirilýän ýaryş şu ýylyň aprelinde GAR-da geçiriljek «A» toparyň üçünji diwizionynda dünýä çempionatyna taýýarlygyň möhüm tapgyry bolar. Türkmen hokkeýçileriniň «A» toparyň üçünji diwizionynda dünýä birinjiliginde iki gezek bürünç medal eýeländiklerini ýatladýarys. Soňky gezek ildeşlerimiz geçen ýyl Lýuksemburgda geçirilen dünýä çempionatynda şeýle üstünlik gazandylar.