Ï Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 4353
Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen ýokardaky ugurlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň netijesi, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň maksadalaýykdygy bellendi.

UNEP-iň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi babatynda alyp barýan işleri barada maglumat bermek bilen, ählumumy daşky gurşaw meseleleriniň çözülmeginiň ählumumy, sebit we milli derejelerde tagallalary birleşdirmegiň, şol sanda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we döwletleriň her biriniň BMG bilen hereketlerini utgaşdyrmagyň zerurdygyny göz öňünde tutýar. Şu nukdaýnazardan, Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýasy boýunça sebit merkezini döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjy yglan edildi. Onuň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynda howa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ulanmak hem-de howanyň üýtgemegi babatynda sebitiň tehnologiki ösüşine goldaw bermek bolmaly.

Tähran konwensiýasynyň sekretariatynyň işi boýunça pikir alşyldy hem-de bu babatda Hazar deňziniň howasynyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen baglanyşykly taslamalara garamak we Hazar deňziniň türkmen böleginde deňiz giňişligini meýilleşdirmek konsepsiýasyny işläp düzmek teklip edildi.

Daşky gurşaw pudagyndaky özara gatnaşyklar ulgamy boýunça BMG-niň Täze Hazar Daşky Gurşaw Maksatnamasyny Hazaryň tebigy baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmagy üpjün etmek üçin daşky gurşaw çäreleriniň toplumy hökmünde döretmek boýunça 2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşynyň Awazadaky Hazar ykdysady forumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyjyna üns berildi.