mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

2022-nji ýylyň dekabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

view-icon 1354

Geçen ýylyň soňky aýy halkara ähmiýetli wakalara baý boldy. Dekabr aýynda geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki duşuşyklar, gepleşikler, maslahatlar Garaşsyz Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Açyk gapylar» syýasatyndan ugur almak bilen, sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Dekabr aýy ähmiýetli waka bilen başlandy. Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklip eden «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

5-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda iki dostlukly ýurduň işewür düzümleriniň ýolbaşçylarynyň we öňdebaryjy hünärmenleriniň gatnaşmagynda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň alyp barýan işi hem-de onuň uzak möhletleýin we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, senagat ulgamynda, obasenagat toplumy we suw hojalygy üçin tehnikalary ibermek ulgamlarynda söwda-maýa goýum işlerini giňeltmegiň, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-kommunikasiýalar, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we hususy kärhanalarynyň wekilleriniň ABŞ-nyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň arasynda golf klubuny döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şol gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherine iş saparynyň çäklerindäki duşuşyklarda iki ýurduň arasynda üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar, şeýle hem dürli ulgamlarda, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

6-njy dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gyzyklanma bildirýän döwletler we iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýän Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

6-7-nji dekabrda türkmen wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine laýyklykda ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, daşary syýasatda, hususan-da, sebit we ählumumy durnuklylygy pugtalandyrmak, Hazar, Aral meseleleri, täze wehimlere bilelikde garşy durmak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşlerde, şol sanda halkara düzümleriň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli ösdürilýändigi bellenildi. Parlamentara gatnaşyklara, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, ýaşlar syýasatyna aýratyn üns berildi. Duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

7 — 9-njy dekabr aralygynda Daşary işler ministrliginde daşary ýurtlaryň birnäçesiniň — Sierra-Leone Respublikasynyň, Norwegiýa Patyşalygynyň, Finlýandiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Gresiýa Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Gana Respublikasynyň, Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň, Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, şeýle hem Apostol nunsisi bilen duşuşyklar geçirildi. Diplomatlar dürli ugurlar boýunça uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Hökümetara hyzmatdaşlygyň, şol sanda abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

9-njy dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowanyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara täze itergi bermegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Şeýle hem şol gün Daşary işler ministrliginde Erwe Moreý bilen geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, ekologiýa we muzeý işi ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garaldy.

9-njy dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen geçiren duşuşyklarynda Türkmenistanyň ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni ulgamlarda gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şeýle hem iki ýurduň arasynda zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardygy tassyklanyldy.

Şeýle hem şol gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika, gurluşyk we senagat, maliýe-ykdysadyýet toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyklary boldy. Duşuşyklarda ýangyç-energetika, bank, senagat, gurluşyk ýaly strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça meselelere garaldy. Türkmenistanyň häzirki günde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan syýasaty, ilkinji nobatda, pudaklara sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary çekmegi, energiýanyň ekologik taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýalarynyň çeşmelerini ulanmagyň tejribesini ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

10-njy dekabrda Aşgabatda utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki ilkinji ministrler mejlisi geçirildi. Bu topar 20-den gowrak ýurdy özünde birleşdirýär. Duşuşygyň barşynda syýasy ugurly halkara gatnaşyklary giňeltmegiň, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, olaryň sebäplerini we täsirlerini aradan aýyrmakda bitaraplyk ýörelgesini ulanmak boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň işiniň ugurlary we görnüşleri boýunça ähli teklipler mejlisiň Jemleýji Jarnamasynda beýan edildi.

Şol gün Aşgabatda “Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” atly bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi. Çykyş edenler Türkmenistanyň ýokary derejede geçirilen forumlarda öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň, hususan-da, Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek boýunça teklipleriniň halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolandygyny nygtadylar.

10-njy dekabrda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatda bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriniň jemi jemlenildi, şeýle hem dialogy giňeltmegiň mümkinçilikleri, 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

11-nji dekabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki her ýylda geçirilýän duşuşyk boldy. Bu duşuşyk döredilen senesine 15 ýyl bolan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan guraldy. Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi howpsuzlygy, parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynda ähmiýetlidir.

Şeýle hem şol gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň BMG-niň edaralary bilen bilelikde guramagynda utgaşykly görnüşde “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi. Çykyş edenler Watanymyzyň ählumumy gün tertibiniň derwaýys meselelerini çözmek boýunça öňe sürýän netijeli teklipleriniň möhümdigini bellediler. Mejlisleriň işiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

“Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem energetika, ulag, söwda ulgamlary, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

11-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

13-nji dekabrda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine taýýarlyk görmegiň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly ýurtlaryň energetika, ulag ulgamlarynyň hem-de daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi. Üç doganlyk ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça özara kabul ederlikli çözgütleri gözlemek, olaryň uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasda ýola goýulýan geosyýasy we geoykdysady gatnaşyklara, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge taýýardygy hem-de bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy.

14-nji dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkiýe we Azerbaýjan Respublikalarynyň Prezidentleri, şeýle hem Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen geçiren duşuşyklarynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary depginler bilen ösdürilýändigi bellenildi.

Birinji üçtaraplaýyn sammitiň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy. Duşuşykda ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugurlarynda, hususan-da, senagat, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ulag we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, bilelikdäki işleriň anyk meýilnamalaryna garaldy.

15-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki dolandyryjy komitetiň utgaşykly görnüşde geçirilen nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Aşgabatdaky düzüm edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda 2022-nji ýylda bu maksatnamany durmuşa geçirmekde gazanylan esasy üstünliklere, onuň maksatlaýyn bäş toparynyň meselelerini, hususan-da, kanunyň hökmürowanlygy, ykdysadyýet, ekologiýa, saglygy goraýyş we bilim ulgamlary bilen bagly meselelerini ilerletmek, şeýle hem 2023-nji ýyl üçin “Ýol kartasyny” taýýarlamak bilen bagly meselelere garaldy.

19-njy dekabrda Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşiklerde parlamentara gatnaşyklaryň, şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, nebitgaz we himiýa pudaklarynda, dokma senagaty we haly önümçiliginde, raýat awiasiýasy ulgamynda, şol sanda halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gün Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan türkmen-saud diplomatik simpoziumynda talyplar bilen okuw sapagyny geçdi.

Dostlukly ýurduň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň resmi açylyş dabarasyna hem gatnaşdy.

19-njy dekabrda BMG-niň hünärmenleriniň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Statistika müdirliginiň demografik statistika bölüminiň ýolbaşçysy Srdjan Mrkiç bilen duşuşyk geçirildi. 2022-nji ýylda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmegiň we onuň netijelerini halkara kadalara we ýörelgelere laýyklykda çap etmegiň çäklerindäki özara hyzmatdaşlyk duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

21 — 24-nji dekabrda türkmen wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen we türkmen-ýapon komitetleriniň 14-nji mejlisine hem-de «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň daşary işler ministrleriniň 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Tokio şäherine (Ýaponiýa) amala aşyran iş saparynyň barşynda duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri, ýurdumyzda maýa goýum, gazhimiýa, ulag, oba hojalyk, sanlylaşdyrmak ulgamlarynda iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, geçen ýylyň soňky aýynyň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlarynyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu netijeli başlangyçlar ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagyna ýardam berýär.