Ï Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Türkmenistana sapary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Türkmenistana sapary başlandy

view-icon 2715

2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana ikigünlik sapary başlandy.

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri türkmen-rus işewürlik maslahatynyň plenar mejlisine gatnaşar.

Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Şeýle-de, saparyň çäklerinde Mihail Mişustin ýokary derejedäki gepleşikleri geçirer. Duşuşyklaryň barşynda türkmen-rus gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.