Ï Ilata hyzmat edýän awtobuslar ruhlandyryjy toý şygarlar bilen bezeldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ilata hyzmat edýän awtobuslar ruhlandyryjy toý şygarlar bilen bezeldi

view-icon 3480
Ilata hyzmat edýän awtobuslar ruhlandyryjy toý şygarlar bilen bezeldi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek güni ýakynlaşyp gelýän şu günler paýtagtymyzyň ilatyna hyzmat edilişiniň hili we medeniýeti hem ýokarlanýar. Çünki şol maslahatda halkymzyň durmuşy üçin taryhy çözgütleriň kabul edilmegine garaşylýar. Şu mynasybetli Aziýanyň merjen şäheri hasaplanylýan paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp şaýollarynda we köçelerinde yzygiderli gatnap, ilata hyzmat edýän döwrebap awtobuslaryň ruhlandyryjy toý şygarlar bilen bezelmegi bilelikdäki maslahaty geçirmäge bagyşlanylan çäreleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär.

Jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli uly çäräniň hormatyna alnyp barylýan işleriň hatarynda paýtagtymyzyň ilatyna hyzmat edýän awtobuslaryň dürli täsirli şygarlar bilen bezelmegi aýratyn tarypa mynasypdyr.

Şu günler Aşgabadyň şaýolarynda, köçelerinde her gapdalyna ajaýyp şygarlar berkidilen awtobuslaryň hereket etmeginden ýaşaýjylarda we awtobuslaryň hyzmatyndan peýdalanýan raýatlarda garaşylýan umumymilli maslahatyň kalplary galkyndyryjy duýgularyny synlamak bolýar.

Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary bilen ýola goýlup, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi arkaly ýurdumyzyň ulag düzümine häzirki zaman sanly tehnologiýalar we dünýäniň ösen tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ulag düzüminde ýola goýulýan hyzmatlar häzirki zaman talaplaryna we halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu bolsa ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ilata edilýän hyzmatyň hiliniň we derejesiniň ýokarlanmagynyň baş şertini emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde jemgyýetçilik ulaglary sazlaşykly hereket edip, olar halkyň ösen islegini kanagatlandyrmak ugrunda maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirýärler. Ýurdumyzyň şäherlerinde, şeýle hem paýtagtymyzda içerki gatnawlar bilen bir hatarda, şäherara gatnawlary ýola goýuldy. Şäherara awtobuslaryň hyzmatyndan peýdalanýanlar üçin häzirki zaman şertlerine laýyk gelýän hyzmatlaryň ýola goýulmagy we olary sanly tehnologiýalar arkaly amala aşyrmak mümkinçiligiň bolmagy ilata edilýän hyzmatyň derejesini ýokarlandyrýar.

Şäherleriň ýollarynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, köçelerde ýolagçylar we sürüjiler üçin amatly şertleri döretmek degişli gulluklaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda tagalla edýän hünärmenler we beýleki işgärler ulaglaryň iş tertibini döwrüň talabyna laýyk derejede taýýarlaýarlar.

Ulag düzümini ösdürmek, awtomobil we beýleki ulaglaryň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhümdigine ünsi çekip, ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän ulag hyzmatlarynyň görnüşlerini we hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belleýär.

Mahlasy, awtobuslar gije-gündiziň dowamynda halkyň hyzmatynda bolup, ýolagçylaryň barmaly menzillerine öz wagtynda we rahat baryp bilmekleri üçin zerur şertleri üpjün edýärler.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadançylygy we eşretli durmuşy baradaky yzygider aladalary esasynda dünýäniň ösen döwletlerinden satyn alnan iň döwrebap derejedäki awtobuslaryň şu günler «Watan diňe halky bilen Watandyr!», «Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen we şulara meňzeş mazmundaky beýleki şygarlar bilen bezelip ilata hyzmat etmegi örän täsirli we ähmiýetli çäredigini bellemek gerek.

Çünki bellenen wagtlarynda nobatma-nobat bir biriniň yzyndan gatnap duran awtobuslarda gök asmana ýaraşýan öwüşginli bezege eýe bolan şygarlaryň ýerleşdirilmegi bilen aşgabatlylarda Berkararlyk, Watan, syýasy ýörelgeler, agzybirlik, geljege bolan ynam hakda we şuňa meňzeş beýleki mazmundaky düşünjeler barada oýlanmaga esas berýär. Bu bolsa, öz nobatynda, halkymyzyň watansöýüjilik duýgularynyň artmagyna egsilmez güýç berip bilýär, geçiriljek maslahatyň çözgütleriniň Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak ugrunda maksada gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ýardam etjekdigine ynam döredýär.