Ï Türkmen-tatar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-tatar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy

view-icon 3452
Türkmen-tatar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmen-tatar gatnaşyklarynyň meselelerine berilýän hemişelik üns üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, Rustam Minnihanow doganlyk Türkmenistana ýene-de gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ozalky Prezidenti M.Şaýmiýewe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetiniň Türkmenistana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin täze mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda birnäçe giň gerimli taslamalary amala aşyrmagyň çäklerindäki bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesi bilen berkidilen hem-de uly geljegi bolan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen bazarynda iri meşhur kompaniýalaryň üstünlikli hereket edýändigini, şolaryň hatarynda Tatarystanyň “KamAZ”, “Tatneft”, “KER-Holding”, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” we beýlekileriň möhüm orun eýeleýändigini belledi. Köp ýyllaryň dowamynda olar biziň ýurdumyzda ýokary hilli tehniki hyzmatlary amala aşyrýarlar diýip, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň olaryň işine mundan beýläk-de zerur goldaw berjekdigini nygtady.

Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň we Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna jogapkärçilikli çemeleşýän, ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki halkara abraýynyň gatnaşyklary netijeli ösdürmäge giň ýol açýandygyny belledi.

Ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda ylym we bilim ulgamlarynda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde Tatarystanyň iri ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň köp sanlysynyň dürli hünärler boýunça bilim alýandygyny belledi we ýurdumyzyň bu ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy we myhman sport ulgamyndaky däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň, bilelikdäki çäreleri guramagyň, özara tejribe alyşmagyň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Kazan şäherinde geçirilen yslam ýurtlarynyň we Tatarystan Respublikasynyň birinji halkara hokkeý ýaryşynyň ähmiýeti bellenildi. Oňa Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşdy.

Däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekde parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wekilleriniň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem Tatarystanyň Prezidentiniň Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüni tutmak çäresine gatnaşmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu saparyň türkmen-tatar dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Rustam Minnihanow şunuň ýaly mukaddes çärä gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de täze metjidiň Ahal welaýatynyň merkeziniň binagärlik keşbine özboluşly öwüşgin çaýjakdygyna ynanýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň uly geljeginiň bardygyny aýdyp, onuň ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.