mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutuldy

view-icon 2774
Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutuldy
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda sähetli günleriň birinde il içinde sylaglanýan ýaşulularyň gatnaşmagynda welaýatyň baş metjidiniň düýbüni tutmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, beren ak patasyndan ugur alnyp, sähetli anna gününde bu mukaddes işe girişildi.

Metjidiň düýbüniň tutulyşyna Türkmenistanyň il sylagly ýaşululary bilen birlikde ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şu günler Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we musulman döwletleriniň Aşgabatdaky ilçileri, medeniýet ulgamynyň wekilleri — döredijilik işgärleri, sungat ussatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşýan ýaşulular Arkadag şäherinde gurlan Akhan binasynyň ýanyna gelip, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň taslamasynyň birinji tapgyrynda durmuşa geçirilen işleri synladylar. Gurluşyk ulgamynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň hem-de milli binagärlik däpleriniň ulanylmagy arkaly bu ýerde binagärlik we şähergurluşyk taýdan emele getirilen ajaýyp gözellik ony synlanlaryň kalbyny joşduryp, uly täsir galdyrýar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren teklipleriniň goldanylmagy esasynda başy başlanan işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär, şol sanda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň taslamasyny amala aşyrmagyň birinji tapgyrynyň işleri tamamlanyp barýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklaýar.

Soňra çärä gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň baş metjidiniň taslamasy bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň daşky we içki bezeg aýratynlyklary, gurluşykda ulanyljak serişdeler barada gürrüň berildi. Şeýle hem metjidiň beýikligi, eýelejek meýdany, reňk öwüşginleri baradaky, şonuň ýaly-da, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça geçiriljek işler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň teklipleridir maslahatlary esasynda bu ýerde guruljak beýleki binalardyr ugurdaş desgalar barada aýdyldy.

Çärä gatnaşyjylar, şol sanda Türkmenistanda iş sapary bilen bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we beýleki adamlar Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulyş çäresiniň geçiriljek ýerine geldiler. Ýeri gelende, baş metjidiň guruljak ýeriniň Gahryman Arkadagymyzyň beren maslahatlarydyr teklipleri esasynda hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda kesgitlenendigini bellemek gerek.

...Türkmenistanyň müftüsi aýat-doga okap, Beýik Biribardan ýagşy dilegleri etdi. Bu doga-dileglere baş metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşyjylaryň ählisi goşuldylar. Soňra hemmeler agzybirlikde “Bismilla!” diýip, pil bilen beton garyndysyny atdylar.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bu sogap we mukaddes işe gatnaşmagyň özüni örän buýsandyrýandygyny hem-de şeýle çäreleriň adamlary ruhy taýdan jebisleşdirmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda-da döwrebap baş metjitler gurlup ulanmaga berildi. Sebitleriň baş metjitleriniň ilki Mary welaýatynda açylyp ulanmaga berlendigini bellemeli. Bu asylly işler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda netijeli dowam etdirildi. Ajaýyp binalaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda-da häzirki zamanyň ruhuna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän kaşaň metjit guruldy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurlan baş metjit hem şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde-de milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynda bina edilen welaýatyň baş metjidi ulanmaga berildi.

Aşgabat şäherinde hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda Hezreti Omar metjidiniň açylyp ulanmaga berilmegi bu ugurda alnyp barlan işleriň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Sahawatly Ahal topragynda täze baş metjidiň gurulmagy hem gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy bolar.

Ahal welaýatynyň baş metjidiniň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Onuň sadaka jaýy bolsa 1500 adama niýetlenendir. Baş metjidi her biriniň beýikligi 104 metre ýetýän minaralaryň 4-si bezär we olarda ýokary tizlikli liftler oturdylar. Minaralaryň içinde dürli dolandyryş otaglary, şol sanda duşuşyklardyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen ýörite otaglar ýerleşer. Minaralaryň birinde 97 metr belentlikde syn ediş meýdançasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda hajy Arkadagymyz metjidiň ýanynda okuw medresesiniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, onuň gurluşygyny sazlaşykly alyp barmak barada birnäçe maslahatlaryny berdi. Şondan ugur alnyp, üç gatdan ybarat boljak metjidiň ýanynda medrese gurmak hem maksat edinilýär. Şeýle-de bu ýerde muzeý, kitaphana, namaz okamak üçin zallar, beýleki ugurdaş hojalyk otaglary ýerleşer. Namaz okamaga niýetlenen zallaryň gurluşygynda dürli görnüşli tebigy serişdeler, şol sanda bezeg üçin mermer we oniks daşlary ulanylar.

Ahal welaýatynyň baş metjidiniň çäklerinde awtoulaglary goýmak üçin ýerler we dürli maksatly beýleki tehniki desgalar hem gurlar. Onuň seýilgäh zolagy bolsa 10 gektar meýdany eýelär. Suw çüwdürimler toplumy seýilgähiň esasy bezegine öwrüler.

Metjidiň gurluşyk işlerini ozal bu ugurda geçirilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Altyn” hojalyk jemgyýeti alyp barar. Gurluşyga zerur bolan çykdajylar üçin halkymyzyň milli ýörelgeleri esasynda raýatlaryň haýyr-sahawat hökmünde niýetleýän serişdeleri ulanylar. Şunda baş metjidiň gurluşygyna haýyr-sahawat ýardamyny etmäge isleg bildirýän taraplar üçin ýörite bank hasabynyň açylandygyny bellemek gerek. Munuň özi ildeşlerimiziň arasynda giň seslenmä eýe boldy. Isleg bildiren her bir raýat bu gurluşygyň hasabyna pul serişdesini geçirip bilýär.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiren konsertlerinden düşen pul serişdelerini metjidiň gurluşygynyň haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçiripdirler. Olaryň gaznanyň hasabyna goşan bu goşantlary asylly we ynsanperwer iş hökmünde adamlary halallyga, sogap işleri ýerine ýetirmäge, päk ýüreklilige, ýagşylyga çagyrýar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde baş metjidiň gurulmagy ynsanperwerligiň belent nusgasyna öwrüler. Metjit köňül tämizliginiň binasy bolar. Bu ýerde gadymdan gelýän asylly däp-dessurlar berjaý ediler. Şeýle-de ol ruhy päkligiň aýdyň nyşany bolup, geljekki nesillere hyzmat eder.

Soňra hemmeler bu ýerden şu günki sogaply wakanyň hormatyna toý sadakasynyň beriljek ýerine — Ahal welaýatynyň Gökdepe metjidine ugradylar. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Şondan soňra toý sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Asylly däbe görä, bu ýere ýygnananlara milli tagamlar hödür edildi.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalaryň, döwletli tutumlaryň hormatyna toý sadakalarynyň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa beýik maksatlaryň üstünliklere beslenmeginde örän möhümdir hem-de ol ägirt uly başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Nahardan soňra toý sadakasyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň röwşen geljeginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň bähbidine Gahryman Arkadagymyzyň başlan ähli asylly başlangyçlarynyň mynasyp dowam etdirilmegini hem-de Ahal welaýatynyň baş metjidiniň gurluşyk işleriniň üstünlikli tamamlanmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

Şeýle-de milli däp-dessurlarymyza daýanýan asylly ýörelgelerimize eýerilip, şu günki wakanyň hormatyna oňa gatnaşyjylara toý düwünçekleri paýlanyp, toý sadakasynyň hem-de okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi. Soňra bu ýerde hormatly ýaşulular agzybirlikde juma namazyny okadylar. Berkarar döwletimizde asylly işiň başyna barylmagy mynasybetli çärelerden soňra kybla bakyp namaz okamak arkaly musulman parzyny berjaý etmek dessurynyň ýerine ýetirilmegi asylly däpleriň biri bolup, halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşmak bilen, munuň özi halallyga we köňül päkligine ýugrulan ýörelgeleriň ajaýyp zamanamyzda üstünlikli dowam etdirilýändigini ýüze çykarýar.

Ýaşulular juma namazynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara, durmuşa geçirýän ähli asylly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.

Günorta namazyny okanlaryndan soňra, ýaşulular bu ýerdäki mukaddes Käbeden getirilen teperrigi Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk duýgulary bilen ýüzlerine syldylar. Bu hem soňky ýyllarda asylly däbe öwrülen dessur bolup, ýurdumyzyň halkynyň ruhy taýdan jebisligini we agzybirligini berkitmekde, ýagşy niýetli amallary ýerine ýetirmäge ruhlandyrmakda ähmiýetli işdir.

Goý, şu günki sogaply wakanyň hormatyna okalan aýat-töwirler, edilen ähli dilegler, berlen toý sadakasy Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Türkmen topragynda hemişe bagtyýarlyk, abadançylyk dabaralansyn!