Ï Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 8352

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli dostlukly halkyna Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň onuň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko berk jan saglyk, bagtyýarlyk we işinde üstünlik, Belarus Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.