Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat

view-icon 1751

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Sowet Soýuzy bes edilenden soňra, umumy taryhymyza esaslanyp, biziň ýurtlarymyza dostlukly gatnaşyklary saklamak bilen birlikde, ençeme pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy, täze gatnaşyklary ýola goýmak başartdy. Minsk bilen Aşgabadyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýylyň dowamynda toplanan oňyn tejribesiniň Belarus Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde-de üstünlikli ösdürilmegi üçin esas boljakdygyna ynanýaryn.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde egsilmez güýç-kuwwat, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Aleksandr Lukaşenko,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.