Ï Jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny berkidip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny berkidip

view-icon 3483
Jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny berkidip

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň bu sanyndaky makalalar şanly senä — Watanymyzyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlandy.

Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda — 9-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk we “Açyk gapylar” syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýar. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň uzak möhletli milli bähbitlerini goramakdan, döwletimiziň dünýä bileleşigine has ysnyşykly goşulyşmagyny üpjün etmekden, ählumumy derejede ähmiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam bermekden hem-de durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga goşant goşmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylyga, howpsuzlyga, durnukly ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda uly tagalla edýär.

2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem şol sessiýada ýurdumyz 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasat işinde halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselelerini ileri tutýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň agza bolan halkara guramalarynyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň we ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine yzygiderli ýardam berýändigi, halkara guramalar bilen bilelikde milli derejede kabul edilen uzak möhletli maksatnamalarydyr meýilnamalary ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleri geçirýändigi bellenildi.

Milletler Bileleşigi bilen gatnaşyklarda Türkmenistan syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylyşyny artdyrmak, öňüni alyş diplomatiýasynyň ornuny giňeltmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak hem-de ynsanperwer wezipeleri yzygiderli durmuşa geçirmek ýaly strategik ugurlary hemişe öňdäki orunda goýýar. Garaşsyz döwletimiz köp ýyllaryň dowamynda halkara guramalaryň ýöriteleşdirilen edaralaryna we düzümlerine agzalyga saýlanýar. Bu ugurda biziň ýurdumyz uly we oňyn tejribe toplady. Şol tejribäni milli hem-de halkara bähbitlere ulanmak üçin agzalyk bilen bagly degişli işleri dowam etdirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynda nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwletimiz we Hökümetimiz parasatly we oýlanyşykly daşary syýasat ugrunyň ýokary derejede alnyp barylmagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi, dürli döwletler we halkara guramalar bilen özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda uly tagallalary eder.

Žurnalda Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamalaryna aýratyn orun berlipdir. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy», «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty», «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», «Halkara Bitaraplyk güni», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Bütindünýä welosiped güni», «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalar bar.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň «Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky durnukly ösüş we adam hukuklary babatda strategik hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly makalasy okyjylaryň ünsüni çekse gerek. «Türkmenistanyň we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, adam hukuklaryny höweslendirmekde we goramakda hem-de döwletiň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny amala aşyrmakda durnukly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ugur edinýändigini bellemek gerek» diýip, awtor makalada ýazýar. Makalada 2020-nji ýylda badalga berlen «Ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş goragy ulgamyny kämilleşdirmek» atly bilelikdäki maksatnamanyň çäklerinde gazanylan netijelere aýratyn üns çekilýär.

Şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy öz makalasynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini amala aşyrmak üçin ýurdumyz bilen netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

«Türkmenistanyň Bitaraplygy: ýaşlar syýasaty we bilim ulgamynyň ösüşi» atly makalada «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi barada aýdylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň esasy maksady ýaş nesliň kemala gelmegi, şahsyýet hökmünde ösmegi, aň-paýhas, döredijilik hem-de ruhy mümkinçiliklerini jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerine gönükdirmegi üçin has amatly şertlerden ybaratdyr. Diýarymyzyň durmuş-ykdysady we ylmy-tehniki taýdan ösüşi ylym-bilim, sanly tehnologiýalar ulgamlarynyň döwrebaplygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, ylym we bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça döwlet derejesinde toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

«Medeniýet çygryndaky kanunçylygyň kämilleşdirilişi» atly makalada BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada aýdylýar. Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna, şeýle-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hödürlenilýän obýektleriň ähmiýetine baha bermek bu guramanyň işiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Makalada bu ulgamyň sazlaşykly hukuk binýadyny kemala getirmekde, hususan-da, taryhy-medeni mirasy goramakda döwlet maksatnamalarynyň we ugurdaş kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti bellenilýär.

«Jenaýat, kazyýet önümçiliginde adam hukuklarynyň goraglylygy» hem-de «Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy we adam hukuklarynyň goragy» atly hukuk meselelerine bagyşlanan makalalar hem okyjylarda uly gyzyklanma döreder. Bu makalalarda adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak ulgamynda ýurdumyzda hereket edýän hem-de kanunylyk, adalatlylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan kadalaşdyryjy hukuk namalary barada gürrüň berilýär. Türkmenistanyň döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli kanunçylyga halkara hukugyň kadalarynyň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginiň hukuk binýadynyň üpjün edilmegine, adam hukuklary boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam berýär.

Žurnalyň sahypalarynda 2023-nji ýylda «Döredijilikli zähmet we adam hukuklary» atly ylmy-amaly makalalaryň bäsleşiginiň geçirilýändigi barada bildiriş çap edilýär, şeýle hem bäsleşigiň geçen ýyl üçin jemleri jemlenýär. Her ýyl geçirilýän bu bäsleşigiň maksady milli kanunçylygyň ösüş ugurlaryny hem-de döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini, kanunçylyk ulgamynda raýatlary hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillendirilişini, olaryň durmuşa geçirilişini giň halk köpçüligine ýetirmekden ybaratdyr.

Türkmen, iňlis we rus dillerindäki neşir däp bolan «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçen duşuşyklara, maslahatlara we beýleki çärelere syn berilýär.