mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Merýem Agajanowa ýaşy 20-ä çenli gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

view-icon 2710
Merýem Agajanowa ýaşy 20-ä çenli gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

16 ýaşly Merýem Agajanowa ýetginjek (ýaşy 20-ä çenli) gyzlaryň arasynda paýtagtymyzda geçirilen welaýatlardan we Aşgabat şäherinden 30 gyz gatnaşan Türkmenistanyň birinjiliginde ýeňiş gazandy. Paýtagtymyzdaky 55-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy şweýsar düzgüninde geçen ýaryşda mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplady.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynda habar bermeklerine görä, çempionatyň jemi boýunça Merýem bu ýaş tapgyrynda diňe bir dünýä we yklym birinjiliklerine gatnaşmaga hukuk gazanman, eýsem FIDE görkezijisini 58 punkt ýokarlandyryp, ony 1898-e ýetirdi. Bir aý mundan ozal Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň bu zehinli şägirdi gyzlaryň arasynda 1-nji ligada Türkmenistanyň birinjiliginde hem öňe saýlanypdy. Şu iki ýeňiş oňa sport ussatlygyna dalaşgäriň kadasyny doldurmaga mümkinçilik berdi.

Merýem 7,5 utuk toplan, 9 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda 2015-nji ýylda dünýäniň çempiony bolan Lebap welaýatyndan Läle Şöhradowadan we 2020-nji ýylda ýaşy 18-e çenli gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolan, 6,5 utuk bilen üçünji orna düşen, aşgabatly talyp Ogulsuraý Baýrambaýewadan öňe saýlandy.

Şu ýaryşyň netijesi boýunça 4-nji orny eýelän Lebap welaýatyndan Mähri Agamyradowa hem zenanlaryň arasynda ýokary ligada Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ol baýrakly orunlaryň eýeleriniň üçüsi ozal ýylyň iň abraýly milli ýaryşynda özüne ýer edinensoň mümkin boldy. Şu ýyl ýokary ligada ýurdumyzyň güýçli küştçi zenanlarynyň 14-si çykyş eder.

Ýetginjekleriň (ýaşy 20-ä çenli) arasynda Türkmenistanyň birinjiligi indiki hepdede geçrilier, onda üstünlik gazananlar bu ýaş tapgyrynda dünýä we Aziýa çempionatlaryna gatnaşarlar.

Türkmenistanyň küşt marafony soňra zenanlar ýokary ligasynda (ol 30-njy ýanwarda başlanýar) hem-de 2023-nji ýylyň fewralynda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda (8 ýaşdan 18 ýaşa çenli) alty ýaş tapgyrynda milli çempionatlar bilen dowam eder.