Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 3145
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işi dowam edýär, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar, ýeralmany we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işine taýýarlyk görülýär.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda göz öňünde tutulan gurluşyk işleri meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagynyň zerurdygyny aýtdy hem-de welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlaryndaky sürüm, tekizleýiş işleriniň depginini artdyrmak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz bugdaýa ideg etmegiň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi hem-de etraplaryň, şäherleriň, şäherçeleriň elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaýa edilýän ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek işleri agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri dowam edýär, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary, gurallary abatlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär, welaýatyň pagtaçy kärendeçilerini ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin degişli işler geçirilýär.

Mundan başga-da, häkim obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk guralmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Hususan-da, bugdaýa ideg etmegiň hem-de şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy, öňümizdäki ýazky ekiş möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär. Hususan-da, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş işleri alnyp barylýar, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylýar, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça zerur bolan işler ýerine ýetirilýär.

Häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de dowam edýän oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň, pagta öndürijileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmeginiň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ähli zerur işleriň ýerine ýetirilmelidigini belläp, häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz häkime ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda bugdaýa ideg etmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Şu ýyl gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri talabalaýyk alnyp barylýar, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de gowaça ekiljek ýerleri talabalaýyk taýýarlamagyň, pagtaçy daýhanlary ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmegiň, ekişde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmegiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen alnyp barylmagynyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilişini, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilişini hem-de welaýatyň çäginden akyp geçýän derýalardaky suwuň kadaly akymyny almak boýunça geçirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu işleriň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýär, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatda meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we şu ýyl gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş işleriniň depginini ýokarlandyrmak, gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme doly taýýar etmek, pagtaçy daýhanlary ekişe çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk görmegiň möhüm talap bolup durýandygyny nygtap, häkime anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, etraplarda, şäherlerde, şäherçelerde ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri hem-de sebitiň çäklerinden akyp geçýän derýalarda kadaly suw akymyny almak boýunça görülýän zerur çäreleri berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu işleriň hemişe üns merkezinde saklanylmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şeýle hem 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ýazky ekiş möwsümine doly taýýar etmek boýunça degişli işler geçirilýär, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we tohumlyk çigitleri taýýarlamak işi utgaşykly alnyp barylýar.

Ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, olary möwsüme doly taýýar edip goýmak, şu ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary hem-de ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini talabalaýyk guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka — ýurdumyzyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip, kanuny taýdan ykrar edilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.