Ï Gyş paslynyň gözellikleri şekillendirilen suratlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gyş paslynyň gözellikleri şekillendirilen suratlar

view-icon 13744
Gyş paslynyň gözellikleri şekillendirilen suratlar
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Ýanwar aýynyň ilkinji ongünlügindäki garly howa çagalara uly şatlyk getirdi. Biziň ýurdumyz üçin seýrek bolan tebigy hadysa fotosurat höwesjeňlerini gar bilen örtülen şäher görnüşlerini surata düşürmäge ruhlandyrdy.

Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde gara bagyşlanan surat sergisi açyldy. Şunuň ýaly döredijilikli tema şu ýylda ýa-da öňki ýyllarda çeken eserlerini hödürlemek bilen, suratkeşleriň köpüsi seslendi.

Suratlaryň köpüsi şäher eteginde, garly meýdanda çekipdirler. Gar bilen basyrylan meýdan suratçylarda tebigat bilen ikiçäk galmak höwesini oýarypdyr.

Natalýa Kaluginanyň «Çopan» atly suratynda garly meýdandaky goýun sürüsi çekilipdir. Suratdaky çopan bolsa garly özgerişiň ägirt uly jadysyny synlap dur.

Suratkeşleriň köpüsi öz işlerini «Ir düşen gyş», «Gyş düşdi» ýa-da «Gyş» diýip atlandyrypdyrlar.

Rüstem Abdyllaýew, Gülnaz Razykulowa, Abdylla Muhammetberdiýew, Zakirjan Babaýew degişlilikde «Köprüden geçýän ýol», «Jülge gyşy», «Murgap derýasy», «Saýwan obasy» ýaly suratlaryny sergide görkezdiler.

Şäheriň garly gyşyny Gahryman Goçmyradowyň «Ak suw» atly suraty beýan edýär. Suratçy şäher durmuşyndan bir parçany suratlandyrypdyr: awtobus duralgasy; bu ýerde ulular ulaga garaşýarlar, irmäni-armany bilmeýän oglan-gyzlar bolsa, wagt ýitirmän, gar adam ýasaýarlar we gar togarlap oýnaýarlar.

Gar erär, sergide görkezilen suratlar bolsa biziň bilen hemişelik galar.