Ï Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl Saglygy goraýyş we sport ulgamy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl Saglygy goraýyş we sport ulgamy

view-icon 4944
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl Saglygy goraýyş we sport ulgamy

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyrylýan ösüşiň häzirki tapgyrynda mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz adamyň saglygynyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygyny aýratyn nygtaýar. Bu babatda 2022-nji ýylda saglygy goraýyş we sport ýaly möhüm durmuş ulgamlarynda gazanylan üstünlikler bellärliklidir. Bu ulgamlar adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakda, keselleriň öňüni almakda, kesellere garşy durnuklylygy ýokarlandyrmakda hem-de türkmenistanlylaryň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär.

Şol ulgamlary kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň çäklerinde netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, ÝUNISEF-niň we beýlekileriň giň ykrarnamasyna eýe boldy. Olar bilen hyzmatdaşlyk ýokanç we ýokanç däl kesellere, çilimkeşlige garşy göreşmek, sagdyn iýmitlenmek, saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda ylmy-amaly maslahatlary, okuw maslahatlaryny, saglygy goraýşyň derwaýys meseleleri boýunça duşuşyklary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri geçirmek ýaly giň ugurlar boýunça amala aşyrylýar.

Abraýly guramalar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar türkmen lukmanlaryna dürli keselleri anyklamagyň we bejermegiň has netijeli usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň çäginde birnäçe howply ýokanç keselleriň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygyna şaýatlyk edýär.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärlerine ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny we abadançylygyny goramaga goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde ýörite nyşanyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi. Bu çärä BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Narine Saakýan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gatnaşdy. Bellenilişi ýaly, biziň döwletimiz koronawirusa garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi. Munuň özi anyk ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn geçirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Geçen ýylda alym lukmanlaryň, bilermenleriň we ugurdaş hünärmenleriň arasynda derwaýys meseleler, şol sanda koronawirusyň genomyny öwrenmek, ýiti ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sanly ulgam arkaly maslahatlary we duşuşyklary yzygiderli geçirmek tejribesi dowam etdirildi.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň tutuş toplumynyň kabul edilendigini bellemek gerek. Olar döwrüň talaplaryna we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli täzelenilýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa”; “Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama”; 2021 — 2025-nji ýyllar üçin “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly milli strategiýa bar. Syn berilýän 2022-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” hem-de “Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa”, şeýle hem olary durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamalary tassyklanyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ilatyň saglygyny goramak meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge hem-de çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan, howandarlyga mätäç ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny bejermek, lukmançylyk maksatly zerur serişdeleri satyn almak babatdaky çykdajylary tölemäge şu gaznadan serişdeler yzygiderli bölünip berilýär.

Raýatlaryň saglygynyň goralmagyny üpjün etmek, dünýäniň hem-de ýurdumyzyň lukmançylygynyň toplan oňyn tejribesini giňden ulanmak, bu ulgamda kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Kanunyň esasynda Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy döredildi.

“Döwlet adam üçindir!” hem-de “Il saglygy — ýurt baýlygy” şygarlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Ol köp babatda ugurdaş düzümi döwrebaplaşdyrmagyň we giňeltmegiň hasabyna başartdy. Şol düzümiň üsti Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezler, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman öndürýän kärhanalar, saglyk öýleri bilen yzygiderli ýetirilýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde gysga döwürde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň tutuş ulgamy döredildi. Şonuň netijesinde ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşleri ilatymyz üçin elýeterli boldy.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde möhüm saglygy goraýyş desgalarynyň birnäçesiniň dabaraly ýagdaýda açylmagy 2022-nji ýylyň möhüm ähmiýetli wakalaryna öwrüldi. 15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 27-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň edara ediş merkezinde — Daşoguz şäherinde gurlan köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şol gün S.A.Nyýazow adyndaky etrapda saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin niýetlenen has oňaýly, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi ulanmaga berildi.

Täze ugurdaş desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, ozal hereket edýän lukmançylyk edaralaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işleri alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara anyklaýyş merkezi, Halkara iç keselleri merkezi, Halkara “Ene mähri” merkezi bar. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde — Arkadag şäherinde köpugurly hassahananyň, onkologiýa we çagalaryň sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň, “Tiz kömek”, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleriniň, saglyk öýüniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, sebitlerde bolsa täze ugurdaş desgalar gurulýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryny we ilatymyzy ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda öndürilýän derman serişdeleri, lukmançylyk maksatly serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň aprel aýynyň başynda, Türkmenistanda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde täze dermanhananyň açylandygyny bellemek gerek. Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde hem-de Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde açylan täze dermanhanalar hem bu ulgamyň üstüni ýetirdi. Olarda ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk maksatly önümleriň, sahawatly türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň köp görnüşleri, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň derman serişdeleri we ýörite enjamlary hödürlenilýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň derman senagatynyň okgunly ösmegine itergi berdi. Häzirki wagtda derman senagaty derman serişdeleriniň hem-de Türkmenistanyň melhemlik ösümliklerinden taýýarlanylýan önümleriň ýüzlerçe görnüşini öz içine alýar. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda “Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny” hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply derman serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna badalga berildi. Bu kärhana buýan kökünden önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen “Buýan” obasenagat toplumynyň düzümine girer.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we onuň çäklerinde guralan ylmy maslahat ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerini aýdyňlyk bilen görkezdi. Bu däbe öwrülen foruma gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn artýar. 2022-nji ýylda bu sergä dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we serişdelerini öndürýän daşary ýurtly firmalaryň 150-den gowragy gatnaşdy.

Serginiň çäklerinde Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler baradaky bu ylmy-ensiklopedik iş dünýä dilleriniň köpüsinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Ylmy maslahatyň barşynda halkymyzyň saglygyny goramak, türkmenistanlylary sagdyn durmuş ýörelgesine, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda we tabşyrygy boýunça Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ilatyň saglygyny goramaga, adamlaryň saglygyny dikeltmäge, keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň hem-de olary bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrmaga saldamly goşant goşan saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň tapawutlanan işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz häzirki türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşmäni görkezip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty höweslendirmek, wagyz etmek we ösdürmek meselelerini hem üns merkezinde saklaýar. Işjeň dynç almak üçin zolaklaryň döredilmeginiň, sport meýdançalarynyň abadanlaşdyrylmagynyň gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlaryna bildirilýän möhüm talap bolup durýandygy bellärliklidir. Munuň özi ilatyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň saglygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Sport düzümi bilim we mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň gurluşygynda möhüm şert bolup durýar. Onuň düzümine döwrebap enjamlaşdyrylan sport zallary, futbol, basketbol we woleýbol meýdançalary, suwa düşülýän howuzlar, tennis meýdançalary girýär.

Her ýyl orta mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, pudaklaryň we welaýatlaryň toparlarynyň arasynda guralýan umumymilli spartakiadalar sagdynlyga, beden we ruhy taýdan kämilleşmäge barýan ýolda ýaşlar üçin oňat höweslendiriş çäresi bolup durýar. Geçirilýän işleriň netijesinde türkmenistanlylar ýaşlykdan sportuň tomusky hem-de gyşky görnüşlerini, şol sanda hokkeýi we buzuň üstünde typmagy uly höwes bilen, üstünlikli özleşdirýärler. Merkezi Aziýa sebitiniň howa aýratynlyklaryna garamazdan, ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleri okgunly ösüşe eýe boldy.

Pudagyň döwrebap düzümini kemala getirmegiň çäklerinde ähli ýerlerde dürli sport desgalary — stadionlar, aýlawlar, awtodromlar, tennis meýdançalary, suwda ýüzülýän howuzlar, köpugurly toplumlar guruldy we olaryň gurluşygy dowam edýär. Şolarda bedenterbiýe, sport bilen netijeli meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň iri ýaryşlary ýokary derejede guramaga we geçirmäge ukyply ýurtlaryň hataryna girýändiginiň, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän sport diplomatiýasynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

2022-nji ýylyň iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda” Karara gol çekdi. Bu halkara ýaryşy 2020-nji ýylda geçirmegiň meýilleşdirilendigini ýatlatmalydyrys. Ýöne СOVID-19 zerarly ählumumy epidemiologik ýagdaýlar bilen baglylykda, ony geçirmegiň senesini üýtgetmek barada çözgüt kabul edildi. Şeýlelikde, dünýäniň sport durmuşyndaky möhüm çäreleriň başyny başlap we geçirip, ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komitetiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň doly ygtyýarly agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketini giňeltmek we wagyz etmek işine saldamly goşandyny goşýar.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi, şeýle hem 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekdäki, Olimpiýa gymmatlyklaryny we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmekdäki üstünlikleriň halkara bileleşigiň ýokary bahasyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli 2022-nji ýylda, däp bolşy ýaly, welosipedli baýramçylyk ýörişi geçirildi. Welosipedli ýöriş hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň ajaýyplyklarynyň birine öwrülen “Welosiped” binasyndan badalga aldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi bolmak bilen, sport bilen meşgullanmaga uly üns berýär.

Häzirki wagtda welosiped sporty bilen meşgullanýan çagalaryň we ýaşlaryň sany barha artýar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň 2022-nji ýylyň welosipedli ýörişine gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle çäreler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da geçirildi. Bularyň ählisi döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň iri sport döwleti hökmünde berkarar bolmagy boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz bu möhüm işe aýratyn ähmiýet berip, Olimpiýa ýörelgelerine eýermegi Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen utgaşdyrýar. Şol maksatlar bolsa adam mümkinçiliklerini has doly açmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Hut şoňa görä-de, ýokary derejeli türgenleri, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” esasy ugry hökmünde kesgitlenildi.

Dünýäniň iri ýaryşlarynda Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýän hem-de dünýä giňişliginde onuň sport abraýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan ýaş zehinli türgenleriň tutuş nesliniň kemala gelmegi bu ugurda görülýän çäreleriň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň mynasyp çykyş etmegi we ýurdumyzyň sport taryhynda ilkinji Oimpiýa medalynyň gazanylmagy türkmen sportunyň ýeňişli ýolunyň başlanandygyny alamatlandyrdy.

2022-nji ýylda bu ýeňişli ýol mynasyp dowam etdirildi. Mysal üçin, biziň ýaş türgenlerimiz geçen ýylyň iýul aýynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen hem-de dünýäniň 21 ýurdundan türgenleriň 260-dan gowragyny jemlän agyr atletika boýunça Aziýa ýaşlar çempionatynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etdiler. Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça ýygyndy topary geçen ýylyň esasy sport wakalarynyň birine öwrülen, 6 — 16-njy iýulda Russiýanyň çägi boýunça geçen “Ýüpek ýoly — 2022” halkara ralli-reýdine gatnaşyp, birinji orna we degişli kuboga mynasyp boldy. 3-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Ýüpek ýoly — 2022” ralli-reýdinde hem-de ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

2022-nji ýylyň 31-nji awgustynda türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda hem-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilen V yslam raýdaşlyk oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

Geçen ýylyň güýzünde ýurdumyzyň türgenleri nobatdaky halkara ýaryşlarda hem baýrakly orunlara mynasyp boldular. Awstriýa Respublikasynyň Oberwart şäherinde geçirilen dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda, GFR-iň Berlin şäherinde guralan karate-do boýunça halkara ýaryşda, Çehiýanyň Pardubise şäherinde geçirilen Şotokan karate boýunça dünýä çempionatynda hem-de Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen sambo we söweş sambosy boýunça “Sambony esaslandyryjylaryň kubogy” atly halkara ýaryşda gazanylan medallar türkmen türgenleriniň sylaglarynyň üstüni ýetirdi.

Işi bes edilen Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň binýadynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň döredilmegi syn berilýän ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen berkidilen bu çözgüt Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ýurdumyzyň ilatyny köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketi arkaly sagdyn-durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Şeýlelikde, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sporty hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän köpugurly syýasatyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň baş baýlygy bolup durýar.