Ï Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 2542

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda: “Geçen ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygymyz işjeň ösdürildi we häzirki wagtda-da yzygiderli pugtalandyrylýar. Dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary ýola goýuldy hem-de berk hukuk binýady döredildi, hökümetara, pudagara derejedäki aragatnaşyklar üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda türkmen-täjik söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy depginli ösdürilýär, medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda özara gatnaşyklar giňeldilýär, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär” diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny nygtap, taraplaryň üýtgewsiz hoşniýetli erkine esaslanmak bilen, däp bolan dostlukly döwletara dialogyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berýändigi üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, Täjigistan Respublikasynyň doganlyk halkynyň öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.