Ï Şagadam köçesinden meşhur çempion
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şagadam köçesinden meşhur çempion

view-icon 4914
Şagadam köçesinden meşhur çempion

Taryh, şol sanda sportuň taryhy bir günde amala aşmaýar. Bu, edil arheologiýa ýaly, wagt taýdan örän uly giňişlikdir. Sportuň taryhy boýunça geçirilen köp sanly barlaglar we ýazylan monografiýalar bar, ýöne şeýle-de bolsa, dürli döwürlerde ony emele getiren şahsyýetler, gynansak-da, selçeň ýatlanylýar.

Bu ýagdaýy nesilleriň çalyşmagy, şeýle hem geçen döwrüň ajaýyp türgenleri barada hemişe doly we ynamly arhiw maglumatlarynyň galmaýandygy bilen düşündirip bolar. Şundan ugur alyp, käbirleri Türkmenistanyň sport taryhynyň ýitirilen şol sahypalarynyň öwezini dolmak üçin hemme tagallalaryny gaýgyrmaýarlar, beýlekiler bolsa şol ýitirileni özleriniň şahsy betnebislik maksatlary üçin ulanmaga çalyşýarlar.

“Altyn Asyryň” redaksiýasy Olimpia oýunlarynda bolşy ýaly, umuman, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda-da ajaýyp netijeleri gazanyp, uly yz goýan türkmen sportunyň wekilleri barada ozal birnäçe gezek gürrüň beripdi. Şolaryň hatarynda, mysal üçin, ilkinji Olimpia çempiony, Türkmenistanda doglan gimnastikaçy Ýusup Berdiýew ýatlanyldy. Ol Rimde (1960 ý.) geçirilen Olimpia oýunlarynda toparlaýyn hasapda altyn medal gazandy. Rimdäki (1960 ý.) Olimpia oýunlarynda tüpeň atmak boýunça ýaryşlarda kümüş medalyň eýesi bolan türkmen mergeni Marat Nyýazow barada hem ýazylypdy. Tokioda (2020 ý.) ştanga götermek boýunça ýaryşlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda Olimpia oýunlarynyň ilkinji kümüş baýragyna mynasyp bolan Polina Gurýewa, dünýä çempionlary – ştangaçy Altymyrat Orazdurdyýew, ajaýyp samboçy Gülbadam Babamuratowa hem-de Türkmenistanyň ençeme beýleki ajaýyp türgenleri barada gürrüň beripdik.

Biziň şu günki gürrüňimiz Hazaryň kenaryndaky Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) şäherinde doglan we önüp ösen hem-de Şagadam köçesinde (ozalky Sowetskaýa köçesi, 56) ýaşan türgen barada bolar. Şu salgyda Morozowlaryň sada maşgalasynda keşbi pälwan sypat bolmadyk, gimnastika bilen meşgullanýan oglanjyk ösüp ulalýardy. Geçen ýüzýyllygyň yzda galan ellinji ýyllarynda dünýä ýaryşlarynda gimnastikaçylaryň üstünlikleri köp ýetginjekleri sport zalyna, sportuň hut şu görnüşi bilen meşgullanmaga çekýärdi. Şeýdip, Wolodýa Morozow hem ýetginjek döwründe sportuň küreklemek görnüşi boýunça tälimçi Wiktor Sergeýewiç Şeýkin oňa üns berýänçä, gimnastika bilen meşgullanyp başlady.

Wladimiriň beden gurluşynyň görkezijileri, gimnastik taýýarlygy, tälimçiniň tejribesi Morozowyň sportda üstünlikleri gazanmagyna köp wagt garaşdyrmady. Bir gezek şeýle boldy, küreklemek boýunça birleşmäniň topary Krasnowodskä gelipdi. Hut şonda hem ýygyndy toparyň tälimçileri Morozowa üns berdiler. Şeýdip oňa Soýuzyň ýygyndy toparyna düşmäge ýol açyldy. Birnäçe wagtdan bolsa, 1963-nji ýylda (W. Morozowyň 23 ýaşy dolup gelýän wagty) Sowet Soýuzynyň halklarynyň üçünji Spartakiadasynda (ýaryşlar SSSR-iň birinjiligi ugrundaky ýaryş bilen deňelýärdi) ýaş türgen Wladimir Morozow 500 metr aralykda ýekelikde baýdarkada küreklemek boýunça geçirilen ýaryşda ýeňiji bolýar.

W. Morozowyň üstünlikleri we mümkinçilikleri şol döwrüň sport ulgamynyň tälimçilerine hem-de ýolbaşçylaryna şeýle bir täsir etdi, eýýäm, bir ýyldan ony 1964-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpia oýunlarynda çykyş etmek üçin kürekleýjileriň toparyna goşýarlar.

Hiç haçan daşary ýurtda bolup görmedik Türkmenbaşy şäherinden bolan ýaş kürekleýjini şonda taryhyň nähili wakalara duçar edendigini göz öňüne getirmek üçin olimpiýa hereketiniň taryhyndaky bu Oýunlaryň käbir aýratynlyklary hem-de wakalary barada ýatlamak gerek.

1964-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpia oýunlary Aziýada geçirilen ilkinji oýunlar bolupdy. Onda 93 ýurtdan türgenler wekilçilik etdi, ýaryşa bolsa jemi 5151 türgen çykdy. Bu Oýunlar, häzir aýtmak ýoň bolşy ýaly, şol döwür üçin örän ösen görnüşde taryha girdi. Hut Tokiodan hemra arkaly göni ýaýlymda ilkinji telealnyp görkeziliş geçirildi. Şonuň netijesinde Oýunlara ähli yklymlardan 800 milliondan gowrak tomaşaçy syn etdi. Başga täzelikler hem boldy, mysal üçin, 1/100 sekunda hasap we fotopellehana girizildi, şeýle hem sportuň ähli görnüşleriniň piktogrammalary peýda boldy.

Tokioda geçirilen Olimpia Oýunlarynda şeýle ýokary derejeli ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşan ýaş W. Morozow ençeme ajaýyp beýik üstünlikleriň şaýady boldy. Şolar barada häzir bütin dünýä ýatlaýar we gürrüň edýär. Bu ştangaçylar L. Žabotinskiniň we Ý. Wlasowyň beýik gapma-garşylygydyr. Oýunlarda medallaryň altysyny (ikisi altyn) gazanan gimnastikaçy L. Latyninanyň beýik üstünligidir. Tokio-64-iň beýleki bir gahrymany Olimpia marafonyny iki gezek ýeňen ilkinji türgen efiopaly ylgaýjy Abebe Bikila boldy. Onuň öň ýanynda 1960-njy ýylda Rimde geçirilen Oýunlarda hiç kime belli bolmadyk bu türgen aralygy aýak ýalaňaç ylgady, ýöne, şeýle-de bolsa, ol garşydaşlaryna özünden öňe geçmäge ýol bermedi. Tokiodaky oýunlarda dünýäniň beýleki türgenleri hem ajaýyp üstünlikleri gazandylar.

Ýola goýlan däbe görä, kürekleýjileriň final oýny Oýunlaryň tamamlanmagynyň öňýanynda geçirilýärdi. Şol wagta çenli düzüminde türkmenistanly türgen W. Morozowdan başga-da, deslapky ýüzüşleri üstünlikli geçen N. Çužikow, W. Ionow hem-de A. Grişin bolan baýdarka-dörtlügi finala düşdi. Şonda W. Morozowyň neneňsi tolgunmalary başdan geçiriendigini göz öňüne getirip bolar – ilkinji Olimpiada, ilkinji jemleýji badalga. Ine-de, pellehana bagyndan geçilýär. Ilkinjilik! Çempionlar!

Şonda Morozowyň şunuň ýaly ýeňişli pellehanalarynyň ýene-de ikisiniň boljakdygy barada pikir edendigini ýa-da etmändigini aýtmak kyn. Kim bilýär?! Ýöne, şeýle-de bolsa, soňra 1968-nji ýylda Mehikoda jübütleýin baýdarkada (A. Şaparenko bilen) we 1972-nji ýylda Mýunhende dörtleýin baýdarkada (Ý. Filatow, Ý. Stesenko we W. Didenko bilen) ýeňişler gazanyldy. Şeýdip, ol üç gezek Olimpia çempiony boldy.

Ol şeýle üstünlikeri dünýä ýaryşlarynda hem gazandy. Morozow üç gezek dünýä çempiony boldy. Dünýä ýaryşlarynyň ençeme gezek baýrak eýesi boldy.

At gazanan sport ussady W. Morozow sportda bitiren hyzmatlary üçin ordenler we medallar bilen sylaglandy. Ildeşleri tarapyndan ol “Şäheriň hormatly türgeni” diýen ada mynasyp boldy.