Ï Döwrebap ulag ulgamy ösüşiň möhüm şertidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwrebap ulag ulgamy ösüşiň möhüm şertidir

view-icon 4034
Döwrebap ulag ulgamy ösüşiň möhüm şertidir

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda geçen ýyl ýolagçy we ýük daşamagyň möçberi has-da artdy. Daşoguz welaýatynda ýükleri we ýolagçylary çalt, howpsuz, amatly daşamaklyga ukyply netijeli ulag ulgamy bar. Ol ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny kadaly ýola goýýar.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy ýyllarynda dürli iri möçberli döwlet taslamalarynyň çäklerinde häzirki demir ýol menziliniň we Daşoguz şäherinde ýerleşýän halkara howa menziliniň dürli kommunikasiýalary döwrebaplaşdyryldy, şeýle hem welaýat dolandyryş merkezinde täze iri döwrebap ýolagçy awtomenzili guruldy. Welaýatda ýolagçylaryň we ýükleriň köp bölegini daşamakda «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň awtoulaglary hyzmat edýärler we olaryň üsti soňky ýyllarda täze, amatly ýolagçy we kuwwatly ýük awtoulaglary bilen doldurylýar.