2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda Daşary işler ministrliginde Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow hem-de birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda Hökümetara toparyň geçen 2022-nji ýyl boýunça işiniň netijelerine seredildi. Gatnaşyjylar 2023-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahtlaşdylar we işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Mejlisiň gün tertibine 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanda geçirilen Altynjy Hazar Sammitiniň netijeleri hem girizildi. Şol bir wagtda hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň duşuşygynyň çäginde kabul edilen çözgütleriň we ylalaşyklaryň gidişini we ýerine ýetirilişini seljerdiler.
Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, hazarýaka döwletleriniň we olaryň halklarynyň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda işjeň hereketleri dowam etdirmegi meýilleşdirýändigi bellenildi.