Ï «Türkmengaz» döwlet konsernine degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy Özbegistan Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmengaz» döwlet konsernine degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy Özbegistan Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy

view-icon 4086

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de Özbegistana dost-doganlyk goldawyny bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Özbegistan Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.