Golaýda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze, döwrebap önüm bolan B-92 kysymly awiabenzin öndürilip başlandy. Synag döwründe tapgyrlaýyn amala aşyrylan takyk işleriň ählisi-de oňat netijelerini berdi.
Ol «Türkmenhowaýollary» agentliginiň awiabenzin baradaky ýüz tutmasy esasynda oba hojalyk pudagynda ekinleri mineral dökünler bilen üpjün etmekde, zyýanly mör-möjeklerden goramakda giňden ulanylýan An-2 kysymly uçarlar üçin öndürildi. Zawodlar toplumynyň ýokary oktanly benzin üçin goşundy öndürmek boýunça 4-nji sehiniň desgasynda tehnologik ýagdaýy sazlamak, kükürt kislotasynyň konsentrasiýasyny has ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen işleriň netijesinde täze awiabenzini öndürmek üçin degişli komponent alyndy.
Netijede zawodlar toplumynda kämil barlaglardan geçirilen täze B-92 kysymly awiabenziniň döwrebap hil ülňelerine doly laýyk gelýändigi anyklanylyp «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyryldy. Şeýlelikde häzirki wagtda sarp edijileriň arasynda täze önüme, awiabenzinine bolan islegler barha artýar.