A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda Lýudmila Razumowskaýanyň «Topraksyz bag» pýesasy esasynda täze spektaklyň ilkinji gezek görkezilişe taýýarlanyldy.

Bu hekaýat ene mährinden jyda düşen hem atasy taşlan iki uýanyň gatnaşygy barada gürrüň berýär. Gyzlar ýetimler öýünde kemala gelipdirler, bu ýerde ýaşap, bilim alypdyrlar, ýöne olara maşgala gymmatlyklary barada düşünjesi ýokdy.

Hamyla Olganyň çagasy bolar we ol Pýotr Kulakowyň iki gyzyny terbiýelär. Belki, goşun gullugyny tamamlandan soň, Olganyň dogany olaryň ýanyna geler.

Türkmenistanyň at gazanan artisti, oýun goýujy režisýor Olga Wolkowanyň sahnada şeýle wajyp meseläni gozganlygyny aýtmak gerek.

– Adamlarda maşgala gymmatlyklarynyň we adama ynamyň bolmagy meniň üçin möhüm mesele. «Topraksyz bag» pýesasy özüniň juda üýtgeşikligine garamazdan hut şu pikire gulluk edýär. Mundan başga-da, ol ýagşylyk bilen gutarýar – diýip Olga gürrüň berdi.

Spektaklda aktýorlar Anastasiýa Balandina «Olga», Anastasiýa Zagorodnewa «Anýa», Andreý Pawlow «Mark», Tatýana Öwezmyradowa «garry Nastýa», Swýatoslaw Lawin «kakasy» dagylar keşbleri has ussatlyk bilen ýerine ýetirdirler. Aýratyn hem artist Mihail Rogow gabanjaňlykdan ýaňa aňyny gideren Pýotr Kulakowyň keşbini tutuş durky bilen görkezip bildi.

Ýakyn günlerde spektakl teatryn sanawyna goşular.

