Ï Tahyr Ataýewiň kirişli saz gurallary orkestri bilen Fransiýa hyýaly syýahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tahyr Ataýewiň kirişli saz gurallary orkestri bilen Fransiýa hyýaly syýahat

view-icon 3150
Tahyr Ataýewiň kirişli saz gurallary orkestri bilen Fransiýa hyýaly syýahat
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Tomaşaçylaryň köp sanly haýyşy boýunça, Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri «Le Tour De France» konsert maksatnamasyny taýýarlady. Ol dünýäniň iň romantik ýurtlarynyň biri boýunça aýdym-sazly syýahatyň özboluşly dowamy boldy.

Fransiýa boýunça hyýaly gezelenç Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda geçdi. Sahnadan meşhur we gyzgyn söýülýän fransuz hitleri «Voyage, Voyage», «Et si tu n'existais pas», «Tombe la Neige» we başgalar ýaňlandy. Türkmen sazandalary «Fransiýa» diýlende, syýahatçylaryň köpüsiniň aňyna gelýän zatlar barada hyýal ýöretdiler. Ilkinji nobatda, bu özboluşly binagärlik, ajaýyp Notr-Dam-de-Pari Pariž sobory, Parižiň tanyşlyk karty bolan Eýfel diňi, Luwr köşgi we başgalardyr.

Şeýle hem bu Ýewropa ýurdy ajaýyp kino sungaty we rowaýata öwrülen artistleri bilen meşhurdyr. Olaryň arasynda Žan-Pol Belmondo, Jo Dassen we Şarlz Aznawur bar. Şonuň üçin-de Tahyr Ataýew tutuwbaşdan «Taksi» atly fransuz komediýasynyň ýolagçysy keşbinde ekranda çykyş edip, konsertiň hörpüni kesgitledi.

Dirižýor Parižiň köçelerinden ýelginli «wazlap» joşgunly saz bilen kärdeşleriniň arasyna, sahna çykdy. Bir salymdan zal dürli aýdym-saz baýramçylyk howasyna çümdi. Solistleriň çykyşlary konsert maksatnamasynyň hörpüni göterdi.

Akkordeonçy Guwanç Moşşyýew Montmartryň skameýkalarynyň birinde dynç alýan mysaly «Sous Le Ciel De Paris» kompozisiýasyny ýerine ýetirdi. «Belle» aýdymyny ýerine ýetiren wokalçy Begenç Moşşyýew «Notr-Dame-de Pari» mýuzikliniň gahrymany Kwazimodonyň keşbinde peýda boldy. Aýdymçy Nina Bagdasarowa orkestr bilen ajaýyp çykyş etdi.

Aňyrdan gelýän däbe görä, fransuz sazynyň agşamynda «Professional» filminden bir mowzuk ýaňlandy. Iň soňky çykyş bolsa «Pardonne Moi Ce Caprice D'enfant» kompozisiýasy boldy.