Ï Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasat ugurlaryny belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasat ugurlaryny belledi

view-icon 3298
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasat ugurlaryny belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde çykyş edip, ýurdumyzyň daşary syýasat ugurlaryny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýtmagyna görä, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli artýar, Türkmenistan üçin 2022-nji ýyl BMG-ä agzalygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen şöhratlandy. Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygynyň ilkibaşdan strategik häsiýete eýe bolandygyny, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna, şeýle hem bu guramanyň ugurdaş düzümlerine--geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň düzümine köp gezek saýlanandygyny belledi. 

Birleşen Milletler Guramasy bilen arkalaşykly işläp, ýurdumyz sebit we ählumumy ösüşiň esasy meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändigini, çözgütleriň bilelikde gözleýändigini hem-de işläp taýýarlaýandygyny görkezýär. 

«Ýurdumyzyň öňe süren we Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalar, şeýle-de 2025-nji ýylyň «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi biziň diplomatiýamyzyň üstünligidir» – diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen ýyl Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berlendigini: biziň ýurtlarymyzda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, sazlaşykly ösüş, halkara giňişlikde sebitiň ornuny berkitmegiň bähbidine tagallalary birleşdirmek ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň maksady bolandygyny ýatlatdy. 

Döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylda Türkmenistanyň parlament diplomatiýasynyň aýratyn işjeňlige eýe bolandygyny, onuň häkimiýet edaralarynyň milli bähbitleri goramak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we hukuk tertibi boýunça alyp barýan işleriniň düzüm bölegidigini, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini öňe sürmek hem-de dünýä giňişliginde döwletimiz üçin amatly ýagdaýy döretmekdigini aýratyn belledi.

«Biz milli bähbitlerimizi goramak üçin ähli tagallalary edip, bütin dünýäde netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny geljekde-de dowam etdireris» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy.