Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek» şygary astynda Bütindünýä hökümet sammiti-2023 geçirildi. Sammitde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyza wekilçilik etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy sammitiň mejlisinde çykyş edip, dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda döwletleriňdir halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şunda ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça milli maksatnamalaryň we halkara borçnamalaryň berjaý edilmegine uly üns berilýändigi aýdyldy.
Ýeri gelende bellesek, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Hususan-da, BAE-niň Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça ministri Mohammad Abdullah Al Gergawi bilen geçirilen gepleşiklerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmekde hil taýdan täze sahypany açandygy nygtaldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda döwletiň ösüşi we döwrebaplaşdyrylmagy babatda tejribe alyşmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Wýetnamyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda, esasan, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň bu iri ýöriteleşdirilen düzüm bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenilip, türkmen tarapynyň geljekde-de ählumumy derejede durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge goşant goşjakdygy tassyklanyldy. Doktor Ngozi Okonjo-Iweala, öz gezeginde, ýolbaşçylyk edýän guramasynda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyna we ony durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyk meýilnamalaryna laýyklykda alnyp barylýan işlerde öňegidişligiň boljakdygyna ynam bildirdiler.