Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini Döwlet güni bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini Döwlet güni bilen gutlady

view-icon 3414

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe Serbiýanyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Wuçiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Serbiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.