Ï Türkmenistan — ÝUNESKO: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — ÝUNESKO: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 9091

Şu gün paýtagtymyzda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege” hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda sanly ulgam arkaly geçirilen çärä ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Stefaniýa Jannini, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, degişli ministrlikleriň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, dünýä döwletleri, halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döretmek bilen bagly meseleler ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparyň 2022-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda hem-de 23-nji aprelinde, şeýle hem 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda geçirilen mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler we Bilim ministrlikleriniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda ÝUNESKO kafedralaryny döretmek baradaky Ylalaşyklaryň taslamalary taýýarlanyldy. Soňra bu taslamalar guramanyň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna hödürlenildi.

ÝUNESKO-nyň Baş sekretary Odre Azule tarapyndan gol çekilen resminamalaryň elektron nusgalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine gelip gowuşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory tarapyndan Ylalaşyklaryň asyl nusgalaryna gol çekildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň bilelikde gatnaşmagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň dilleri” we “Parahatçylygyň medeniýeti” atly ÝUNESKO-nyň klublarynyň açylandygyny bellemek gerek. Bu klublaryň açylmagy ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işlerine höwesini artdyrmak, öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimini ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir.

ÝUNESKO klublarynyň işi talyplaryň gözýetimini giňeltmäge, daşary ýurt dillerini öwrenmek tejribesini kämilleşdirmäge ýardam berýär. Klublarda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işler utgaşdyrylýar. Tassyklanan iş meýilnamalaryna laýyklykda, okuw sapaklary, ylmy maslahatlar geçirilýär, bäsleşikler hem-de sergiler guralýar.

ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi ýaşlary ählumumy we milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemäge, olaryň ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri baradaky bilimlerini artdyrmaga, ekologik medeniýetini ösdürmäge ýardam berer. Bu kafedralar adaty kafedralar däl-de, eýsem, giň möçberli halkara okuw-barlag merkezleri bolar. Olarda bilim bermek işi mazmuny we görnüşi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň adaty işinden tapawutlanýar. Şeýle hem bu okuw bölümleri ýokary bilimi hem-de ylmy ösdürmäge degişli meseleleriň tutuş toplumy boýunça tejribe, maglumat alyşmakda uly orny eýelär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy baýram edilýän şu ýylda aýratyn ähmiýete eýedir.