Ï Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk dörediji merkez
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk dörediji merkez

view-icon 4766
Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk dörediji merkez

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramçylygy we şu maslahatyň geçirilmegi mynasybetli diplomatik işgärlere iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy diplomatik, halkara hukuk, söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talaplar bildirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylyk döredijilikli başlangyjy ilerletmek boýunça teklibiniň — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähli halklaryň parahatçylykly ýaşamak ýörelgelerini berkarar etmekde ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegine, özara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň kemala gelmegine gönükdirilendigi nygtalýar. Çuňňur oýlanyşykly syýasy ýörelgelere, sagdyn, oňyn bähbitlere, umumy ykrar edilen adamzat gymmatlyklaryna esaslanan täze taglymat halkara ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsir edýän uly ähmiýetli binýat bolup durýar. Şeýle hem maslahatda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar, dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iri halkara we sebit düzümleri, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Biziň ýurdumyz kabul edilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary, şertnamalary we konwensiýalary berjaý etmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly hem-de üýtgewsiz ýerine ýetirýär, özüniň syýasy, ykdysady, medeni mümkinçiliklerini parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Muňa dürli ulgamlarda amala aşyrylan hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan we kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary-da aýdyň mysaldyr. Milletler Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarda biziň ýurdumyz sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine, olaryň çözgütleriniň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyna jogapkärçilikli çemeleşýär.

Şeýle-de döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmeginiň Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy bellenildi. Bu syýasata ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygy, ulag, aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun berilýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda döreden eserleriniň hem-de senetçilik önümleriniň Milletler Bileleşiginde ykrar edilmegi milli mirasymyzyň dünýä siwilizasiýasy üçin gymmatly ähmiýetini tassyklaýar.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine örän ýokary talaplaryň bildirilýändigi maslahatyň barşynda üns çekilen esasy meseleleriň biri boldy. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur alyp, türkmen diplomatlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji daşary syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak maksady bilen, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yzygiderli işleri geçirýärler. Ählumumy goşulyşmak hem-de dünýäniň özara baglanyşyklylygy şertlerinde halkara gatnaşyklarda türkmen diplomatiýasynyň eýeleýän orny ýokarlanýar, ol adaty we häzirki zaman iş ugurlarynyň sazlaşygynyň, döwletleriň arasynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyň nusgasydyr. Halkara meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagyna deňagramly, köpugurly, yzygiderli çemeleşmek hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlylyk Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm aýratynlyklarydyr. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz ykdysady, ulag, energetika, ekologiýa, suw, ylmy we lukmançylyk, medeniýet hem sport ýaly diplomatiýanyň möhüm ugurlarynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär.

Ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, milli diplomatiýanyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi berildi, şunda ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi täze hünär ugurlarynyň açylmagynyň, okuwy guramak işlerine öňdebaryjy innowasion usullaryň we sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň, daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen yzygiderli tejribe alyşmagyň zerurlygyny şertlendirýär. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, öňüni alyş diplomatiýasyna, onuň parahatçylygy pugtalandyrmak, ýüze çykýan meseleleri syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmegiň, parahatçylyk döredijilik hem-de ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak çäreleri ýaly gurallarynyň netijeli ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň işjeň daşary syýasat ugry örän möhüm halkara meseleleri çözmekde, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmakda ýurdumyzyň uly kuwwatynyň bardygyny tassyklaýar.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine hemişe aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, döwlet Baştutanymyzyň ählumumy durnukly we howpsuz ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny netijeli durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Hünär baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Maslahatyň çäklerinde institutda ýörite sergi guraldy, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi.

***

Şu gün Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli gepleşikleriň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin bu gullugyň işgärlerine “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny hem-de degişli şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.