Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasy – «Dialog – parahatçylgyň kepili» temasyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
Çärä Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti Kaýoko Haýasi, şol uniwersitetiň baş sekretary Keýsuke Otani we mugallymlary gatnaşdylar.
Duşuşykda parahatçylyk we özara ynanyşma esasynda guralýan halkara gatnaşyklarynyň täze ýörelgesi bolan Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen «Dialog – parahatçylgyň kepili» atly hemmetraraplaýyn filosofiýa barada gürrrüň edildi.
Oňa gatnaşanlar ähliumumy durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde, Bitaraplyk syýasaty, parahatçylygy we durnuklylygy saklap galmakda hem-de pugtalandyrmakda Türkmenistanyň parahatçylyksöýüji daşary syýasy strategiýasyny goldamakda halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini bellediler.
Türkmenistanyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýen ählumumy filosofiýany öňe sürmek başlangyjy we 2023-nji ýylyň Parahatçylygyň kepili hökmünde Halkara dialog ýyly diýlip yglan edilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanyldy we onuň ýörite rezolýusiýasy bilen tassyklanyldy.
2023-nji ýylda başlanan Parahatçylygyň kepili hökmünde Dialogyň hatyrasyna Ählumumy çäre halkara jemgyýetçiliginiň dünýä halklarynyň parahatçylykly we ynanşykly ýaşaşmak däplerini pugtalandyrmaga, gymmatlyklar düşünjelerini we dünýägaraýyşlaryny dikeltmäge, halkara gatnaşyklarynyň aýrylmaz şerti hökmünde parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmagy öňe sürmek ugrunda halkara tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.
Tokio saparynyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary bilen hem duşuşdy.