Ï Türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýoly bilen Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýoly bilen Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady

view-icon 3328

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady.

Bu sapar iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan dost-doganlyk we ruhy taýdan ýakynlyk gatnaşyklaryna esaslanýan, umumy abadançylygyň bähbidine giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açar.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

...Iki ýarym sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Muharrak şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Haly ýodasynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni resmi sapary wagtynda özi üçin niýetlenen kaşaň «Four Seasons» myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna tarap ugrady.

22-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa bilen duşuşygy bolar.

Döwlet Baştutanymyzyň bu saparynyň dostlukly ýurda ilkinji saparydygyny bellemek gerek. Munuň özi häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykarylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýokary derejede geçiriljek duşuşyk söwda-ykdysady ulgamda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hem häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryny, gatnaşyklaryň uly mümkinçiligini nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, bu sapar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen, şol sanda arap dünýäsiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi ugur edinýän syýasatyny durmuşa geçirmekde nobatdaky ädime öwrüler.

Türkmenistan we Bahreýn köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýär. Bahreýn Patyşalygy Türkmenistanyň Prezidentiniň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

1995-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, özara ynanyşmaga, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar giň gerimli häsiýete eýe boldy hem-de dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere ýol açdy. Iki ýurduň hem ykdysadyýeti üçin strategik häsiýetli bolan ýangyç-energetika toplumy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda taraplaryň netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga bolan meýillerini nazara alanyňda, beýleki pudaklarda, şol sanda maliýe, maýa goýum ulgamynda, deňiz ulaglarynda, syýahatçylykda we sportda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilik bar. Şol ulgamlaryň ösdürilmegine Türkmenistanda hem-de Bahreýnde möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän hem-de ýurdumyzy ösdürmäge, durmuş-ykdysady düzümleri doly döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary Bahreýniň işewür toparlarynyň depginli ösýän türkmen bazaryna gyzyklanmalaryny artdyrýar. Ynsanperwer gatnaşyklara-da möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky gatnaşyklar ruhy we medeni däpleriň umumylygy bilen baglanyşýan iki doganlyk halkyň arasynda dostlugyň, özara düşünişmegiň özboluşly köprüsidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna resmi sapary netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin ygtybarly binýady goýmaga gönükdirilendir.