«ArtIst» teatrynyň sahnasynda Ýewgeniý Şwarsyň Hans Kristian Anderseniň adybir ertekisi boýunça «Gar şazenany» pýesasy esasynda goýlan oýnuň tabşyrylyşy uly üstünlik bilen geçdi.


Režissýor Tatýana Öwezmyradowa we Çagalar teatry studiýasynyň çagalary köne nusgawy ertekini täze görnüşde hödürlediler. Kaý abraýly adamyň öýünde ýaşaýar, onuň üçin ol ýeri rahat, ýöne ol başga biriniň durmuşynda diňe oýunjak. Gerda Kaýy tüýs ýürekden söýýär, onuň esasy maksady – oglany hakyky durmuşa gaýtaryp getirmek. Ol Kaýyň gözlegine çykýar-da, çalt üýtgäp durýan maýyl ediji zatlardan doly nätanyş bir dünýä düşýär. Gerdany dünýäniň käbir ýaşlarynyň dürli medeniýetleriň wekilleri gurşap alýar. Bu adamlar geýinişleri we gürleýişleri bilen tapawutlanýar.


Ýöne Gerda – akyllyja gyz şonuň üçinem Kaýy tapyp, onuň sowuk ýüregini ýumşatmak Gerda başardýar.


– Gar şazenany» oýnuna 20-den gowrak çaga gatnaşýar – diýip, Tatýana Gennadýewna düşündirýär. Teatra ilkinji tapgyrda alnan çagalar eýýäm sahnasyz ýaşap bilmeýärler, sahnada bolsa özlerini suwa giren balyk ýaly duýýarlar. Emma täze başlan çagalar üçin «Gar şazenany» – olaryň sahna ilkinji çykyşydyr, şonuň üçin olar köplükde çykyş edip, sahna öwrenişýärler.


Ýeri gelende aýtsak, Jennet Mähtiýewa garry mamanyň keşbini gaty gowy ýerine ýetirdi. Bu onuň teatrymyzdaky üçünji keşbidir, özi-de ol barha kämilleşýär. Kaýdyr Gerdanyň häsiýetini birkemsiz ýerine ýetiren Stanislaw Demidowskiý bilen Olýa Kraşeninnikowa – biziň kiçijik ýyldyzlarymyz. Täze gelen çagalar şolardan nusga alýarlar.


Gurnaw agzalarynyň enelerine köp sag bolsun aýdýaryn – olar çagalar üçin ajaýyp lybaslar tikdiler, horeograf Tatýana Udowiçenkonyň ýolbaşçylygynda çagalar sahnada tans goýdular, Sona Öwezmyradowa bolsa oýnuň bezegi üçin saz saýlady. Çagalar özlerine ynanylan keşpleri şeýle bir çyn ýürekden ýerine ýetirdiler welin tomaşyçylaryn gözlerinde ýaş peýda boldy.