Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

view-icon 3093
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.

Diplomat duşuşmaga we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini hem-de ony ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň adyndan we hut öz adyndan hormatly Arkadagymyzy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi bilen gutlady. Merkeziň ýolbaşçysy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Natalýa Germana BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesinde işlän döwründe Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we parahatçylyk, abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Natalýa Germana BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesinde uly üstünlikleri arzuw edip, ony Türkmenistanda hormatly myhman ýa-da BMG-niň resmi wekili hökmünde görmäge hemişe şatdygyny aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraplaýyn strategik gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy netijeli hyzmatdaşlyk boýunça köp ýyllaryň dowamynda toplanan tejribä esaslanýan gatnaşyklaryň ählumumy ösüşiň täze ugurlaryny hem-de möhüm wezipelerini öz içine almak bilen, çäklerini barha giňeldýändigini nygtady. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistan halkara giňişlikde Milletler Bileleşigi bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Duşuşygyň dowamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barýan ýurdumyzyň sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny saklamak hem-de olara goldaw bermek işinde BMG-niň ygtybarly we strategik hyzmatdaşyna öwrülendigi nygtaldy. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä giňişliginde parahatçylygyň, halkara derejedäki durnukly ösüşiň berkidilmegine mynasyp goşant goşýan döwlet hökmünde ykrar edildi. Häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň hem-de wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda wajyp orny eýeleýän ýurdumyz bu ugurda anyk işleri amala aşyrýar. Şeýle hem Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary ahlak ýörelgelerine doly laýyk gelýär.

N.Germanyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň sebitiň, şeýle-de BMG-niň çäklerinde häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça öňe süren parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarydyr teklipleri uly goldawa eýe boldy. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bilen baglanyşykly başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolup, dünýäniň strategik taýdan möhüm sebitleriniň birinde özara gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny döretmek işiniň başyny başlady. Bu başlangyjyň amala aşyrylmagy BMG we sebit bileleşigi, ozaly bilen, Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan şeýle merkeziň zerurdygyna we maksadalaýykdygyna düşünilmegine ýardam berdi.

Şeýlelikde, Merkezi Aziýanyň taryhynda ilkinji gezek syýasy-hukuk gurallara hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ägirt uly abraýyna, onuň syýasy-guramaçylyk serişdelerine daýanmak bilen, bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamagy işjeňleşdirmegiň möhüm şerti hökmünde hemişelik hereket edýän edara peýda boldy. Diplomatyň belleýşi ýaly, Türkmenistan häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge hil taýdan täze, toplumlaýyn çemeleşmek bilen, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ugur edinýär. Munuň özi türkmen paýtagtynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň ştab-kwartirasy hökmünde saýlanyp alynmagyny şertlendirdi. Ony sebitiň ähli döwletleri biragyzdan goldadylar.

Türkmenistan bilen sebit merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň orny eýeleýär.

Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ugurlarda öňe süren döredijilikli başlangyçlary, şol sanda 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy möhüm ähmiýete eýedir. Sebitiň işi syýasy meseleler bilen çäklenmän, durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak, bilim maksatnamalaryny we taslamalaryny işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek wezipelerini çözmekden ybaratdyr. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işiniň geriminiň giňeldilmegini goldaýar. Onuň alyp barýan işine, Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň berk binýadyny ýola goýmaga goşýan uly goşandyna ýokary baha berýär.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ulag ulgamyna möhüm orun degişlidir. Bu ugurda Türkmenistan sebit we yklymara derejede ýaýbaňlandyrylan multimodal üstaşyr ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri taslamalaryň başyny başlaýar. Merkeziň beýleki sebit we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy möhüm wezipeleri çözmekde, şol sanda sebitde howpsuzlygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagynda, ählumumy wehimlere we howplara garşy durmakda, serhetýaka suw-energetika serişdelerini dolandyrmakda tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ýardam berýär. Türkmenistan sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Şunda sebit merkeziniň bu ugurdaky işine ýokary baha berildi. Bellenilişi ýaly, munuň özi BMG-niň şeýle wezipeleriň çözülmegine ýöriteleşdirilen ilkinji düzümidir. Ol dünýäniň beýleki sebitlerinde hyzmatdaşlyk üçin nusga bolup hyzmat edip biler.

Merkezi Aziýada ähli ulgamlarda öňüni alyş diplomatiýasyny mundan beýläk-de ilerletmegiň, merkeziň goldaw bermeginde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri boýunça utgaşykly tagallalaryň artýan mümkinçilikleri bellenildi. Diplomat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, şol sanda daşky gurşawy goramak, ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak boýunça başlangyçlarynyň örän möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, hoşniýetli gatnaşyklaryň giňeldilmegine, ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmäge ägirt uly goşant goşýandygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň üstünlikli geçirilmegi we onuň ýokary guramaçylyk derejesi sebitde bu ugurdaky gatnaşyklaryň täze derejä çykarmakda hem-de sebitiň taryhynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen bir wagtda ilkinji gezek geçirilmeginiň uly ähmiýete eýe bolandygy Türkmenistanyň gender deňligine ýetmäge, zenanlaryň syýasy, jemgyýetçilik we ykdysady durmuşa doly derejeli gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasatyň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändiginiň subutnamasy bolup durýar diýip, Natalýa German sözüni dowam etdi. Bu forum Türkmenistanyň gender deňligine ýetmek boýunça alyp barýan işleriniň çäklerinde zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek babatda geljekde-de halkara ölçeglere ýetirmekde oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam berer. Munuň özi sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer işlere gatnaşmaga bolan islegleriniň ýokary derejede ykrar edilmegi we goldanylmagy bolup, parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Natalýa German Gahryman Arkadagymyzyň döwrüň wehimlerine we howplaryna bilelikde garşy durmakda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini utgaşdyrmakda şahsy goşandy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça köp sanly Kararnamanyň kabul edilendigini aýdyp, şolaryň hatarynda 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany aýratyn belledi. Bu gurama agza ýurtlaryň 68-si onuň awtordaşy hökmünde çykyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjy dünýä halklarynyň parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerini berkitmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilendir. Ählumumy wehimleriň garşysyna, ýüze çykýan meseleleriň çözgüdine gönükdirilen gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň esasynda bilelikde tagalla etmek, geljek nesiller üçin gapma-garşylyksyz durmuşy üpjün etmek şu ugruň wajyp meseleleri bolup durýar.

Öňüni alyş diplomatiýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň möhüm ugurlarynyň we aýrylmaz böleginiň biri bolup durýandygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli çözgüdine laýyklykda we Howpsuzlyk geňeşe agza goňşy döwletleriň goldaw bermeginde 2007-nji ýylda Aşgabatda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Söhbetdeşler döredilen pursadyndan bäri geçen döwürde sebit merkeziniň BMG-niň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, halkara parahatçylyk gün tertibini ilerletmekde baglanyşdyrýan netijeli meýdança hökmünde özüni görkezendigini bellediler. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde, hususan-da, BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny ornaşdyrmakda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Häzirki döwrüň howplaryny hem-de wehimlerini, hususan-da, pandemiýany we onuň durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň merkeziň kuwwatyny hem-de onuň halkara hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähmiýetli waka bolandygy barada bir pikiri tassykladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda merkeziň binýadynda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň toparynyň işleýändigini, köptaraplaýyn öňüni alyş diplomatiýasynyň Öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk ugurlary maksatlaýyn iş topary ýaly gurallarynyň döredilendigini we üstünlikli işleýändigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz merkeziň işiniň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, suw meselesi, daşky gurşawy goramak, maglumat we biologik howpsuzlyk, ýaragsyzlanmak, ýaraglary ýaýratmazlyk ýaly ugurlarda mundan beýläk-de möhüm orny eýelejekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy we netijeli işi üçin BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germana hem-de onuň üsti bilen sebit merkeziniň ähli işgärlerine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde, Natalýa German ýolbaşçylyk eden diplomatik wekilhanasynyň işine yzygiderli goldaw berlendigi we hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň döredilmegi ugrunda tagalla edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkyna bagtyýarlyk, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň möçberli taslamalaryny we başlangyçlaryny amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, Türkmenistanyň BMG hem-de onuň düzümleri bilen dünýäde durnukly ösüşiň, parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine ýola goýlan köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de netijeli dowam etdiriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.