Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Aşgabatda öz işini tamamlaýan BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen zenanlaryň duşuşygy geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda ýurdumyzda 2007-nji ýyldan bäri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hereket edýändigi bellenildi. Geçen ýyllaryň dowamynda bu merkeziň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşandygy, bu ugurda baý tejribe toplandygy, işleriň öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmak arkaly amala aşyrylandygy we bu gurallaryň häzirki wagtda-da örän möhümdigi nygtaldy. Şeýle-de merkeziň işi Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, olaryň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendir.
Zenanlaryň dialogy 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldaw bermeginde döredilen Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle düzümleriň ilkinjisidir. Zenanlaryň forumyny Aşgabatda geçirmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. 2021-nji ýylyň awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy boldy.
2022-nji ýylda ýurdumyzyň zenanlaryň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde bu düzümiň Düzgünnamasy taýýarlanyldy we kabul edildi. Çeper elli zenanlaryň halkara jemgyýeti döredildi, şeýle-de gender deňliginiň üpjün edilmegine, zenanlaryň telekeçilik işiniň ösdürilmegine gönükdirilen dürli derejedäki çäreler geçirildi. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyny görkezmek bolar.
Türkmenistanyň zenanlaryň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde üstünlikli geçirýän çärelerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldaw we aýratyn üns berýändigi uly hoşallyk bilen nygtaldy.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň giňeldilmegine Natalýa Germanyň goşan goşandyny belläp, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, täze wezipede üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German ýolbaşçylyk eden diplomatik wekilhanasynyň işine bäş ýylyň dowamynda goldaw berendikleri hem-de köpugurly hyzmatdaşlyga döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Öňüni alyş diplomatiýasynda iň esasy zat ynam we netijeli hyzmatdaşlykdyr. Munuň özi tutuş sebit üçin möhümdir. Çünki ol Merkezi Aziýanyň howpsuzlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň ýurdumyza sebit we halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde garaýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri, şol sanda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde geljegi nazara almak bilen, sebiti ösdürmegiň maksatnamalaýyn wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine, onuň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulmagyna gönükdirilen täze, özara ylalaşykly çemeleşmeler işlenip taýýarlanylýar.
Natalýa German sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde zenanlaryň barha artýan ornuny nygtap, häzirki wagtda zenanlaryň döredijilikli işleriniň örän möhümdigini, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň işiniň bolsa munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Gender deňliginiň gazanylmagyna, jemgyýetiň syýasy, jemgyýetçilik we ykdysady durmuşyna zenanlaryň doly derejeli gatnaşmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatyň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Hanym Natalýan German milli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegini BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hemmetaraplaýyn goldaýandygyny tassyklap, BMG-niň düzümleri bilen bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dürli başlangyçlaryň ägirt uly kuwwatynyň amala aşyryljakdygyna, zenanlaryň gatnaşygyny hem-de wekilçiligini ilerletmek, ählumumy wehimlere garşy durmakda olaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça täze sepgitleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi. Ol güýçli syýasy erki bolan hem-de ykdysady taýdan garaşsyz zenanlaryň täzeçillikleri girizip, ýolbaşçylyk edip biljekdiklerini, uýgunlaşyp hem-de döredip biljekdiklerini nygtap, dünýäde parahatçylygyň bähbidine sebitiň zenanlarynyň bilimini we tejribesini mundan beýläk-de giňden peýdalanmagy dowam etdirjekdiklerine ynandyrdy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, geçen ýyllar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, durnukly ösüşi üpjün etmegiň netijeli guraly hökmünde ähmiýetini tassyklady hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna laýyk gelýändigini subut etdi. Ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde hil taýdan täze, toplumlaýyn çemeleşmeleri görkezmek bilen, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan çykyş edýär. Munuň özi sebitiň ähli döwletleriniň biragyzdan goldamagynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy hökmünde türkmen paýtagtynyň saýlanyp alynmagyny şertlendirdi.
Diňe gyzyklanma bildirilip amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň öňde goýlan wezipeleri çözmekde netijeli gural bolup biljekdigi nygtaldy. Şunda Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde BMG-niň dürli düzümleriniň işini işjeňleşdirmek üçin Türkmenistanyň bar bolan infrastruktura mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti bellenildi. Bu ulgamlardaky hyzmatdaşlyk yzygiderli we uzak möhletleýin esasda alnyp barlyp, anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilendir.
Bellenilişi ýaly, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak, dünýäde giňden wagyz etmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ol ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, daşary syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär. Şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen döwletara derejede we abraýly halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesi hem-de geljek üçin uly meýilnamalar muny aýdyň tassyklaýar.
Geçen ýyllaryň içinde ÝUNESKO-nyň dünýä möçberindäki taryhy we medeni obýektleriniň sanawlaryna ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikler, türkmen halkynyň sungatynyň we edebi mirasynyň dürli görnüşleri girizildi. TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparlarynyň beýik türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli, 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky çözgüdi kabul etmegi aýratyn guwandyryjy waka boldy.
BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň ýene-de bir möhüm ugry bolup durýar. Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky ylalaşyklara laýyklykda, çaganyň irki ösüşine hem-de onuň mekdebe taýýarlygyna gönükdirilen köp sanly gyzykly gepleşikler taýýarlanyldy. 2023-nji ýyl üçin hem nobatdaky iş meýilnamasyna gol çekildi.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar zenanlaryň guramaçylyk ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, çagalary terbiýelemäge, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga, maşgalany pugtalandyrmaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar. Ene-mamalarymyz tarapyndan döredilen hem-de biziň günlerimize çenli ýetip gelen halyçylyk, keşdeçilik sungatyny ösdürmek boýunça wagyz-nesihat häsiýetli çäreler yzygiderli guralýar. Häzirki günde eli çeper zenanlarymyz köpasyrlyk däpleri mynasyp dowam etdirip, ajaýyp keşdeleri we gölleri, nagyşlary, milli lybaslary, bezeg eserlerini döredýärler. Şunuň bilen bir hatarda, ösüp gelýän ýaş nesli milli ahlak gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemek boýunça işler alnyp barylýar. Ýaşlary milli mirasa hormat goýmak, zähmeti söýmek we bilime teşne bolmak ruhunda terbiýelemek örän möhümdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaşlary halkymyzyň asylly däplerini mynasyp dowam etdirmäge gönükdirip, olaryň dünýä derejesinde bilim almagy üçin ähli şertleri döredýär.
Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine, onuň abraýynyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de goldaw beriljekdigi nygtaldy.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyza zenanlaryň işine we başlangyçlaryna goldaw berilýändigi, olaryň durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylýandygy, halkara we sebit derejesinde özara düşünişmegiň guraly hökmünde dialogyň ilerledilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.
***
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German merkeziň bäş ýylyň dowamynda geçiren işleriniň jemlerine gysgaça syn berdi:
— Şu gün men myhmansöýer Türkmenistan bilen hoşlaşýaryn. Ýap-ýaňy hormatly Arkadag bilen duşuşygymyz boldy. Şeýle hem düýn meni Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi. Şu duşuşyklar bilen meniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde 5 ýyllyk wezipäm tamamlanýar.
Şu ýyllar netijeli işiň, täze başlangyçlary ösdürmegiň, sebit hyzmatdaşlygynyň hereket edýän görnüşlerini pugtalandyrmagyň döwri boldy. Elbetde, ol meniň hem-de sebit merkezi boýunça kärdeşlerimiň türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen ajaýyp hyzmatdaşlyk pursatlaryny alamatlandyrdy.
Ak mermerli Aşgabatda indi 15 ýyl bäri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ýerleşýär. Şu döwrüň dowamynda biz ägirt uly goldawy, ilkinji nobatda, hormatly Arkadag tarapyndan ýardam berilmegini duýduk. Hormatly Arkadag men şu wezipämde işe başlanymda, ýurda ýolbaşçylyk edýärdi, şeýle hem biziň işimize hormatly jenap Prezident uly üns berýär we sebit merkeziniň başlangyçlaryny, tekliplerini hemişe goldaýar. Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolandygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.
Türkmen tarapy öz hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin BMG-niň hödürleýän gepleşik meýdançalaryny örän başarnykly we işjeň peýdalanýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä bileleşiginiň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň üstünlikli we biragyzdan kabul eden Kararnamalarynyň 20-siniň awtory hökmünde çykyş etdi. Şunda men halkara parahatçylygy, howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam berýän başlangyçlary we teklipleri aýratyn bellemek isleýärin. Şu gün biz hormatly Arkadag bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigi barada pikir alyşdyk. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2023-nji ýyl “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edildi. Hakykatda, bu iki halkara başlangyç parahatçylyk söýüjilik filosofiýasynyň, jedelli meseleleri çözmäge garşylyksyz çemeleşilmeginiň beýany bolup durýar. Şeýle hem bu başlangyçlar öňüni alyş diplomatiýasy konsepsiýasy bilen utgaşýar. Çünki bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy bir bitewi düşünjelerdir.
Şu gün men hormatly Arkadaga hut şu filosofiýanyň — parahatçylyk medeniýetiniň diňe bir Türkmenistanda we Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, bütin dünýäde amala aşyrylan köp sanly işleriň, başlangyçlaryň esasyny emele getirendigi üçin hoşallyk bildirdim. Elbetde, hormatly Arkadag hem-de Mejlisiň Başlygy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny döretmek baradaky teklibi işläp taýýarlandygymyzy bellemek gerek. Bu başlangyç 2020-nji ýylyň dekabrynda peýda boldy hem-de eýýäm bu dialog üçünji ýyl üstünlikli hereket edýär.
Maňa Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy geçirilýän döwürde zenanlaryň dialogynyň wekillerini çagyrandygy üçin hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Şeýlelikde, 2021-nji ýylda Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny hem goşmak bilen iki möhüm forum geçirildi. Bu ýörelge barha asylly däbe öwrülýär hem-de eýýäm sebitiň beýleki ýurtlarynyň Baştutanlary hem ýokary derejedäki duşuşyklar geçirilende, zenanlary — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ähli döwletleriniň wekillerini çagyryp, özleriniň goşandyny goşmagy, başlangyçlary bilen paýlaşmagy teklip edýärler.
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde netijeli başlangyçlary öňe sürmegi dowam etdirýändigini bellemek isleýärin. Meniň eýýäm aýdyşym ýaly, parahatçylyk we howpsuzlyk babatda, şeýle hem energetika howpsuzlygy ulgamynda birnäçe teklipleriň durmuşa geçirilendigini bellemek gerek. Biz bu ugurda Türkmenistanyň ýolbaşçylary we Hökümeti bilen işjeň hereket etdik. Bu başlangyçlar Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan goldanyldy hem-de dünýä bileleşiginde uly seslenme döretdi. Galyberse-de, ulagyň we söwdanyň özara baglanyşygynyň ösdürilmegine, Merkezi Aziýa döwletleriniň we bu sebit bilen serhetdeş ýurtlaryň ählisiniň arasynda haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary we teklipleri bellemek isleýärin. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa sebiti aýratyn ösüşe eýe boldy. Bu sebitde Merkezi Aziýa döwletleriniň doganlyk halklaryny has-da ýakynlaşdyrýan wakalardyr hereketler ýokary depginde ýaýbaňlanýar. Şeýle oňyn ýagdaý gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ählisini çözmäge mümkinçilik berýär. Şunda milli we sebit durnuklylygynyň, howpsuzlygynyň dürli wehimleriniň, howplarynyň öňi alnyp bilner.
Men we meniň kärdeşlerim bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda bolmak bilen, hakykatdan-da, uly goldawy duýduk. Ýene birnäçe günden men myhmansöýer Türkmenistandan gidýärin hem-de meniň kalbym Türkmenistanyň halkyna, hormatly Arkadaga we ýurduň Prezidentine, Daşary işler ministrligindäki ýakyndan işleşen kärdeşlerime hoşallyk duýgularyndan püre-pür.
Men uly şatlyk bilen myhmansöýer Türkmenistana hemişe gelip duraryn. Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, ähli türkmen halkyna asuda asmany, abadançylyk, bagt we gülläp ösüş arzuw edýärin.