25-nji fewralda sagat 15:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçiriler.
Pan-Kawkaz ýaşlar orkestri üçin ýaş türkmen sazandalaryny saýlamak maksatnamasynyň çäginde Aşgabat şäherine gelen italýan dirižýory Klaudio Wandelli dirižýorlyk eder.
Bäsleşikli saýlawdan üstünlikli geçen sazandalar her ýyl geçirilýän Sinandali halkara nusgawy saz festiwalyna gatnaşyp bilerler.
26-njy fewralda sagat 18:00-da «Watan» kinokonsert merkezinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary çykyş ederler. Sazly agşamda türkmen estradasynyň ilhalar aýdymlary ýerine ýetiriler.
Paýtagtymyzyň teatrlary hem gyzykly oýunlary görmäge çagyrýar.

Beýik S. Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:
25.02.2023. «Hoşlaşasym gelenok», ilkinji görkezilişi – 19:00;
26.02.2023. «Şadyýan wäşiler» – 19:00.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:
25.02.2023. «Körpe gelin» – 19:00;
26.02.2023. «Sawçy hem sallahlar» – 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:
25.02.2023. «Ependi, sen kim?» – 19:00;
26.02.2023. «Gyzyl alma» – 19:00.

A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:
25.02.2023. «Böwenjik» – 12:00;
25.02.2023. «Hanuma» – 19:00.
26.02.2023. «Aladdin we jadyly çyra» – 11:00; 13:00;
26.02.2023. «Bir ispan gijesi» – 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:
25.02.2023. «Bir towşanjyk bar eken» –17:00;
25.02.2023. «Çagaly öý – bazar» –19:00;
26.02.2023. «Böwenjik» – 12:00;
26.02.2023. «Janly gurjaklar» – 17:00;
26.02.2023. «Çagaly öý – bazar» – 19:00.