Ï Türkmenistanyň ýaşuly dermatology – doktor Trozýans
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaşuly dermatology – doktor Trozýans

view-icon 3691
Türkmenistanyň ýaşuly dermatology – doktor Trozýans

Ol XX asyryň başynda mergi, gyrgyn ýaly kesellere garşy durmak we deri-wenerologiýa kesellelerini bejermek ýaly Türkmenistanyň lukmançylygynyň düýpgöter täze ugrunyň düýbüni tutujylaryň biri hökmünde taryha girdi.

Geljekde «Türkmenistanyň at gazanan lukmany» adyna mynasyp boljak Gawriil Nikolaýewiç Trozýansyň durmuşy, ykbaly we zähmet ýoly ýeňil bolmandy. Trozýanslar XIX asyryň ahyrynda Aşgabatda mekan tutupdylar. Ilki bilen türkmen topragyna Gawriiliň kakasy geldi. Täze gelen ýerinde az-kem ornaşan Nikolaý kiçeňräk dellekhana açýar, soňra tutuş maşgalasyny göçürip getirýär.

Agyr döwürde maşgala eklemek, çagalara terbiýe bermek kyndy. Maşgalada çagalarynyň biri Gawriili başlangyç bilim mekdebine okuwa berýärler, soňra erkekler gimnaziýasyna geçirýärler.

Gawriil okuwynyň daşyndan tölegli sapak berýär, tomus aýlary bolsa kiçi synp okuwçylary okuwa we täzeden synag tabşyrmaga taýýarlaýar. Ata-enesiniň kömegi hem-de onuň öz yhlasy bilen ol okuwyny üstünlikli tamamlaýar.

G.Trozýans rus dilini ýeterlik drejede gowy bilmeýänligi zerarly oňa okuwa girmek meseledi. Ýöne ýetginjegiň kärine ussat lukman bolmaga erjelligi, tutanýerliligi we höwesi netijesinde ol Germaniýada lukmançylyk uniwersiteine okuwa girýär, 1911-nji ýylda ony tamamlap, lukmançylyk we hirurgiýa ugrundan doktorlyk derejesini alýar. Şol döwürdäki talyp suratlaryna Trozýans eli hasajykly, Çapliniňkä meňzeş murtluja we başy zümmek şlýapaly düşüpdir. Ýewropada okan döwri Çapline meňzemek nysagy Trozýansa-da täsir edipdir, onuňam tanymal döwürdeşine meňzäsi gelen bolmagy mümkin.

G.Trozýans uniwersiteti tamamlap, ýurduna dolanýar. Ol Aşgabada gelende şol döwrüň lukmanlary ýurtda mergä we gyrgyna garşy göreşýärdiler. Hünärli Gawriili bu ýerdäki hassahana işe alýarlar, soň ony mergini ýok etmek üçin gyssagly surata Maňňyşlaga, biraz soňrak – gyrgyna garşy göreşmek üçin Merw uýezdine ugradýarlar.

Agyr, 1918-nji ýyldan 1924-nji ýyllar aralagynda ol Aşgabadyň sanitar-epidimologiýa bölüminiň müdiri bolup işleýär. Şondan bir ýyl soň onuň işjeň gatnaşmagynda Aşgabadyň şäher hassahanasynyň ýanynda Türkmenistanda ilkinji deri-wenerologiýa böümi açylýar. Trozýans keselhananyň täze bölümine ýolbaşçylyk edýär.

Şol döwrüň lukmançylyk ugrundan ýolbaşçylary Trozýansyö näsaglar üçin otuz adamlyk bejeriş binasyny açmakdaky tutanýerliligine we erjelligine kaýyl bolýarlar. Döredilen saldamly gurluş we netijeli bejergiler netijesinde G. Trozýansyň ýolbaşçylyk edýän bölüminiň esasynda 1932-nji ýylda respublikada ilkini dermi-wenerologiýa instituty döredilýär. Gawriil Nikolaýweiç täze döredilen istituta geçensoň ymykly ylmy işe girişýär. Onuň ýazan ylmy işleriniň otuza golaýy ençeme wagt ýaş lukmanlar we lukmanlyçylyk ugrundan hünärmenelr üçin esasy gollanama öwrüldi. Respublkanyň ähli ýerinden bejergi geçirýän lykmanlar onuň ýanyna maslahata-geňeşe gelerdiler. Käte Trozýans institutyň ýolbaşçylrayna deregem işlemeli bolýardy, onuň tejribesi we güýçli bilimi bu wezipä hem hötde gelmäge mümkinçilik berýärdi.

Uruş ýyllary G.Trozýans Aşgabada göçürilip getirilen Harkowyň harby-lukmançylyk mekdebinde sapak berýär.

Hünär ussatlygy, ylmy işleri we respublikanyň bähbidine jemgyýetçilik işleri üçin G. Trozýans Hormat hatlaryna mynasyp bolupdy. Mundan başga-da, ol «Saglygy goraýşyň tapawutlanan işgäri» nyşany, «Beýik Watançylyk urşunda edermenlikli zähmeti üçin» diýen medal bilen sylaglanýar, «TSSR-iň at gazanan lukmany» adyna mynasyp bolýar.

Deri-wenerologiýa institutynyň 1957-nji ýylyň 30-njy dekabryndaky 389-njy belgili buýrugyndan göçürmede: «1958-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan pensiýa çykýanlygy sebäpli G.N.Trozýansy berk jan sagly we uzak ömür arzuw edip, ony institutyň kabul ediş bölüminiň müdiri wezipesinden boşatmaly» -- diýen ýazgy bar. Oňa institutyň direktory Rodýakin gol çekipdir. Eýsem iki setirde halkyň we respublikanyň bähbidine köpýyllyk janaýamazakly zähmeti üçin kärine ussat adama şeýle hoşallyk sözlerinden gowy zat bolarmy.

G.Trozýans ýarym asyr ömrüni öz halan işine – lukmançylyga bagyşlady. Onuň ylmy gözlegleri şägirtleriniň ençemesiniň kemala gelmegine ýardam etdi.