Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 3579
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümine taýýarlyk görülýär.

Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly taýýar edildi. Welaýatda ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär, ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek baglaryň ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň binýady bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz welaýatda gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek hem-de gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekiljek ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary möwsüme doly taýýar edildi. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edýär, öňümizdäki bag ekmek möwsüminde ekiljek baglaryň ýerleri taýýarlanylýar, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur şertler döredilýär.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda welaýatda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy we häkime bugdaý ekilen ýerlerde ideg işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaça ekiljek ýerleri sürmek we tekizlemek, ýuwuş suwuny tutmak, ýazky bag ekmek möwsümi boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça welaýatyň maldarlary üçin zerur şertler döredilýär, ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz häkime ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa ideg etmek hem-de şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm we tekizleýiş, ýazky möwsümde bag ekiljek ýerleri, nahallary kesgitlemek işleri alnyp barylýar.

Öňümizdäki ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary doly gözden geçirildi. Ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişi dowam edýär, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine, owlak-guzy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň geljekki bereketli we bol hasylyň girewidigini belledi hem-de welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýdyp, häkime bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň, gök-bakja ekinleriniň ekişini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň gözden geçirilişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek baglaryň ýerlerini kesgitlemek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Mundan başga-da, häkim welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişiniň dowam edýändigi, welaýatda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur şertleriň döredilýändigi barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň depginini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, gök-bakja ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Ýurdumyzda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, şu günler welaýatlarda gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işleri dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirmek üçin ekiş döwründe ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, tohumlary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Ýazlyk ýeralmanyň hem-de soganyň ekişi dowam edýär, ekilmegi meýilleşdirilýän beýleki gök-bakja, oba hojalyk ekinleriň ekiljek ýerlerini, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de wise-premýer welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini talabalaýyk geçirmek, ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin degişli işleriň geçirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň ýetip gelýändigine ünsi çekdi hem-de şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek meýdanlaryň, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekiljek ýerleriniň öňümizdäki möwsüme doly taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzümiň nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaý meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerini, welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça işleri gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.