Ï Aşgabatda «Hoşlaşasym gelenok!» atly oýnuň ilkinji görkezilişi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Hoşlaşasym gelenok!» atly oýnuň ilkinji görkezilişi boldy

view-icon 5277
Aşgabatda «Hoşlaşasym gelenok!» atly oýnuň ilkinji görkezilişi boldy
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Paýtagtymyzyň Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Hoşlaşasym gelenok!» atly oýnuň ilkinji görkezilişi boldy. Dramaturg Aleksandr Wolodin bu setiri Aleksandr Koçetkowyň goşgusyndan spektaklyň ady hökmünde alypdyr. Oýnuň ady onuň mazmunyna deňagramlylyk ýaly bolup görünýär.

Aleksandr Wolodiniň oýny adaty oýunlardan düýpgöter tapawutlanýar. Ol dramaturgiýa däl-de, köp faktlar getirilýän, ýöne bir bitewi ýordum akabasy we baş gahrymany bolmaýan publisistik esere meňzeýär. Oýnuň ahyrynda kazy: «10 maşgala dargan bolsa, aslynda, ýer ýüzünde kiçijek bir şäher dargapdyr diýmekdir. Ony goraň, maşgalaňyzy aýap saklaň!» diýen sözler bilen tomaşaçylara ýüzlenýär.

Režissýor Mekan Jumabaýew we sahna suratkeşi, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Maksat Amangylyjow sahna bezeginde gapylary ulanypdyrlar. Bu ýerde gapy – simwolik bir zat: ondan erkek bilen aýalyň arasynda döreýän bagtly hekaýata girmek bolýar, ýöne ondan çykmak hem bolýar. Diwar ýok ýerde gapylaryň bolmagy sahnada boşluk bilen doldurylan giňişligi döredýär, şonuň üçin boş giňişlige girmek däl-de, ondan çykmak örän möhümdir.

Režissýoryň başga bir pikiri-de gyzykly – kazyýet işinden soň oýundaky aýrylyşýan gahrymanlar köpçülikleýin sahna geçýärler, oýunda ol ýere aýratyn orun berilýär. Ol – durmuş, teatr bolsa durmuşyň beýanydyr. Hormeýster Nowruz Täjew bilen horeograf Nina Supankonyň işi-de öwgä mynasypdyr. Köpçülikleýin sahna aýdym-sazly we tans oýunly bolupdyr, bu bolsa oýny diýseň bezäpdir.

Spektaklyň iň soňky täze jikme-jigi tomaşaçylar bilen hoşlaşyga oýna gatnaşýanlaryň hemmesiniň birden däl-de, ýeke-ýekeden çykmagydyr. Şonda her bir aktýoryň familiýasy aýdylýardy.

Oýnuň mowzuky we sahna durkunyň täzeligi režissýordyr aktýorlary üstünlik bilen üpjün etdi.

«Hoşlaşasym gelenok!» oýny režissýor Mekan Jumabaýewiň Baş akademiki drama teatrynda goýan ilkinji spektaklydyr. Mekan Moskwanyň Medeniýet we sungat uniwersitetiniň, şeýle hem Gazagystanyň Sungat akademiýasynyň uçurymydyr. Ol iki ýyl Gazagystanyň Sazly ýaş tomaşaçylar teatrynda işledi. «Hoşlaşasym gelenok!» oýnunyň üstünligi ýaş režissýora aýratyn ünsi çekdi. Mekanyň sahnalaşdyrmagy meýilleşdirýän indiki spektaklynyň türkmen eseri boljakdygy bize mälim boldy.